Russiýa Çerkassy sebitine zarba urdy, şikes alanlar bar

Ternowkada awtobusa urlan zarbanyň yz ýany.

Russiýa 2-nji fewrala geçilýän gije Ukrainanyň Çerkassy sebitine giň gerimli howa zarbasyny amala aşyrdy diýip, sebitiň harby administrasiýasynyň başlygy Ihor Taburets mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, rus dronlary ençeme sebite, şol sanda Çarkassa gelip urupdyr. Deslapky maglumatlarda dört adama şikes ýetendigi aýdylýar.

Dnepropetrowsk oblastynyň administrasiýasynyň başlygy Aleksandr Ganji Russiýanyň Pawlograd sebitindäki Ternowka şäherini ýene-de nyşana alandygyny aýtdy. 1-nji fewralda Ternowkada bir awtobusa urlan zarbanyň netijeinde 12 magdançy heläk boldy, başga-da 16-sy ýaralandy. Öten agşamyň dowamynda amala aşyrylan hüjümiň netijesinde administratiw binasy ot aldy.

Russiýanyň güýçleri Hersonyň Dnepr raýonynyň ýaşaýyş jaýly etraplaryna hem zarba urdy. Hüjümde iki adamyň ýaralanandygy bellenilýär.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň maglumatyna görä, öten agşamyň dowamynda Russiýa Ukraina garşy 171 sany dürli görnüşli dronlary we bir ballistik raketany atypdyr.