Moskwada informasiýa-tehnologiýalary boýunça bilermen, 25 ýaşly Aleksandr Kaçkurkin dönüklik aýyplamasy esasynda tussag edildi. Bu barada adam hukuklaryny goraýan “Perwyý otdel” proýekti habar berýär. Mundan öň, Kaçkurkin Gazagystandan çykaryldy we Russiýa gonan badyna göni uçarda saklandy.
Hukukçylaryň maglumatyna görä, Kaçkurkin Ukrainanyň raýaty bolup, ol Krymda doguldy we şol ýerde önüp-ösdi. 2014-nji ýylda Krymyň anneksiýa edilmeginden soň, ýarymadanyň beýleki ýaşaýjylary ýaly, oňa hem Russiýanyň raýatlygy boýnuna dakyldy. Ol şol döwür kämillik ýaşyna ýetmändi.
Maglumata görä, ol mundan soň syýasy matlaplar sebäpli Krymdan Gazagystana göçdi we Almatyda IT ulgamynda zähmet çekdi.
“Perwyý otdel” proýekti Gazagystanda onuň iki gezek: ýagny göz öňünde tutulmadyk ýerde köçäni geçendigi we ýapyk binanyň içinde kalýan çekendigi sebäpli administratiw jogapkärçilige çekilendigini belläp, munuň bilen baglylykda düzülen protokollaryň galplaşdyrylandygyny öňe sürdi. Gazak sudy bu iki iş esasynda Kaçkurkinyň “Gazagystan Respublikasynyň kanunlaryna we özygtyýarlylygyna hormat goýmaýanlygy” sebäpli, ony ýurtdan çykarmak barada karar çykardy.
“Perwyý otdel” proýekti Kaçkurkiniň Ukraina maliýe serişdesini geçirendigi sebäpli, Russiýada dönüklikde aýyplanýandygyny aýtdy.