Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Kuşnir “Edermenlik üçin” orden bilen sylaglandy

Marýan Kuşnir

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýanyň zarbalaryndan soň adamlaryň janyny halas edendigi üçin Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçysy Wladislaw Rožkowskiýi we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň öň hatardaky harby habarçysy Marýan Kuşniri “Edermenlik üçin” ordenleri bilen sylaglady. Zelenski bu barada sosial ulgamlarda mälim etdi.

Marýan Kuşnir 28-nji ýanwarda Kiýew oblastynyň Belogorodka obasynda Russiýanyň zarbalaryndan soň ýüze çykan ýangyn wagty dört ýaşly gyzjagazy halas etdi. Gyzjagazyň ejesi we onuň bilen ýaşan ýoldaşy heläk boldy. “10 ýyllyk uruşda men hiç haçan bu hili zaryn aglaýan dört ýaşly çagany gujagymda saklap, onuň ejesiniň ölendigi baradaky duýgulary başdan geçirmändim" diýip, žurnalist gürrüň beripdi. Gyzjagazy soňy bilen kakasy we uly dogany alyp gitdi.

Marýan Kuşnir Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynda 2015-nji ýyldan bäri işleýär, rus-ukrain urşuny beýan edýär. 2022-nji ýylyň mart aýynda ol Kiýew oblatynda rus goşunlarynyň hüjümini gaýtarmak boýunça alnyp barylýan harby hereketleri surata düşürýän mahaly kontuziýa alypdy. Kuşnir 2022 we 2024-nji ýyllarda “Hünäriň mertebesi” atly žurnalistiki baýragynyň laureaty boldy. 2023-nji ýylda ol Bucha Journalism Conference tarapyndan ýörelgelere ygrarlylygy we “rus-ukrain urşy döwründe žurnalistika hünäriniň gymmatlyklaryna we aýratyn gaýduwsyzlyga” wepalylygy üçin ýörite tapawutlandyryldy.