Ukrain dronlary ýene Leningrad oblastyna hüjüm etdi

Rus nebit portuna urlan zarbadan soňky görnüş. Arhiw suraty

Orsýetiň Goranmak ministrligi 27-nji marta geçilýän gije sekiz sebitde, anneksiýa edilen Krymda we Gara deňiz çäginde Ukrainanyň 85 dronuny urup gaçyrandygyny habar berdi.

Leningrad oblastynyň gubernatory Aleksandr Drozdenko sebitde 36 sany dronuň urlup gaçyryalandygyny habar berdi.

Ukrainanyň "KiberBoroşno" we "Exilenova+" telegram kanallary öten agşam "bir wagtyň özünde” gaýtadan Ust-Luga we Primorsk nebit portlaryna zarba urlandygyny öňe sürýärler. "Krymskiý Weter" neşiri, hemra suratlaryna salgylanyp, gürrüňi edilýän desgalarda "uly ýangynlaryň" hasaba alnandygyny habar berdi.

Ukrain goşuny bu iki porta ýaňy-ýakynda hem hüjüm edipdi. Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştaby bu hüjümleri tassyklady. Kiýew 27-nji noýabr gijesi bolan hüjüm barada henize çenli hiç hili düşündiriş bermedi.

Wologda oblastynyň gubernatory Georgiý Filimonow "Çerepowets şäherindäki senagat meýdançasyna guralan dron hüjümi netijesinde uçup gelýän sekiz dronyň hasaba alnandygyny" habar berdi. Ol soňra "Çerepowets senagat meýdançasynyň üstünde 10 dronyň urlup gaçyrylandygyny" ýazdy. Gubernator infrastruktura hiç hili zyýan ýetmändigini we hiç kimiň ýaralanmandygyny hem sözüne goşdy.

Ukrainanyň “Eksilenavo+” we “Supernova+” gözegçilik kanallary, ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, bu hüjümiň nyşanasynyň “Apatit” JSC bolandygyny habar berdiler.