Tramp ABŞ-nyň Eýrany ýumurmaga “entek girişmändigini” aýdýar, režimi “çalt” hereket etmäge çagyrýar

Eýran hökümeti tarapyndan çap edilen suratda Tährandaky Eýranyň Pasteur institutyna ýetirilen zyýanyň görkezilýändigi aýdylýar.

Prezident Donald Tramp ABŞ-nyň harbylarynyň bir aý wagt bäri dowam edýän weýrançylykly howa zarbalaryndan soň Eýranda galan zatlary ýok etmäge “entek girişmändigini” aýtdy. Ol Tährandaky režime beren duýduryşynda elektrik stansiýalaryna we has köp köprülere zarba urmak bilen hem haýbat atdy.

Tramp 2-nji aprelde giçlik Truth Social sosial ulgamynda şeýle ýazdy: “Biziň Harbylarymyz, dünýäniň islendik ýerindäkiden has beýik we iň güýçli (uly tapawut bilen!), Eýranda galan zatlary ýok etmäge entek girişmedi hem. Indiki nobatda köprüler, soň bolsa elektrik stansiýalary! Täze režim ýolbaşçylary näme etmelidigini bilýärler, we muny çalt etmeli!”

Goşmaça jikme-jiklikler berilmedi. Bu çykyş Trampyň Tährana ýurduň “hiç zady galmazdan” öň ylalaşyga gelmelidigini aýdyp eden öňki duýduryşyndan soň, Eýranyň Ysraýyla we Pars aýlagy ýurtlaryna garşy täze raketa we dron hüjümlerini amala aşyrmagyndan birnäçe sagat soň çap edildi.

Mundan öň Tramp 1-nji aprelde telewideniýe arkaly eden ýüzlenmesinde Birleşen Ştatlaryň Eýranda “işi tamamlap barýandygyny” aýtdy. Şol bir wagtda, ol ABŞ güýçleriniň ýene “iki-üç hepde” dowamynda ýurda “örän agyr” zarbalary urmagyny dowam etdirjekdigini duýdurdy.

Şol çykyşynda Tramp bu urşy Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak üçin zerur diýip belledi.

Eýranyň köprüsine zarba

Tramp Truth Social-daky başga bir ýazgyda Alborz welaýatynda Tährany Karaj bilen birleşdirýän iri köprä urlan amerikan zarbasyny taryplady. Eýranyň metbugaty bu desgany Ýakyn Gündogardaky iň beýik köpri diýip häsiýetlendirýär.

“Eýranyň iň uly köprüsi syndy we indi hiç haçan ulanylmaz — mundan hem köp zat bolar!” diýip, Tramp ýazdy.

Eýranyň resmileri köprä garşy iki tapgyr hüjümde sekiz adamyň ölendigini, 95 adamyň ýaralanandygyny aýtdy. Bu maglumatlary garaşsyz ýagdaýda tassyklatmak başartmady.

Eýran şeýle hem Pasteur institutynyň, ýagny lukmançylyk barlag merkeziniň, hüjüm netijesinde agyr zeper çekendigini habar berdi. Bu maglumat hem tassyklanmady, emma eýran hökümeti zyýany görkezýär diýilýän suraty ýaýratdy.

Eýranyň täsirli parlament başlygy Mohammad Bager Galibaf sosial ulgamlarda garşylykly ýazgy paýlaşdy: “Eýranlylar öz ýurduny goramak barada diňe dilden gürrüň etmeýärler, biz munuň üçin gan dökýäris. Muny öň hem etdik, ýene-de etmäge taýýar… Hany, geliberiň”.

Eýranyň harby metbugat wekili bolsa öňde “has giň gerimli we has weýran ediji” hüjümleriň bardygyny duýdurdy.

Ysraýyl raketalar barada habar berdi

3-nji aprelde irden Ysraýylyň goşuny 28-nji fewralda başlanan ABŞ-Ysraýyl urşunyň ikinji aýyna çuň aralaşýan mahaly, howa goranyş ulgamlarynyň Eýrandan atylan raketalary saklamak üçin işleýändigini aýtdy.

Ysraýylyň Goranmak goşuny beýannamasynda “Eýranyň çäginden Ysraýyl döwletiniň territoriýasyna tarap goýberilen raketalaryň anyklanandygyny” aýtdy.

Beýanatda “goranyş ulgamlary howpy saklamak üçin işleýär” diýilýär. Adam pidalary ýa-da zeper barada bada-bat maglumat berilmedi.

Küweýt hem 3-nji aprelde irden özüniň howa goranyş ulgamlarynyň raketa we dron hüjümlerine garşy işledilendigini aýtdy. Eýran ABŞ-nyň Pars aýlagyndaky arap ýaranlaryna garşy zarbalaryny dowam etdirýär.

ABŞ goşunynda ýokary derejeli çalşyk

Bu hüjümler Pentagonyň metbugat wekiliniň ABŞ-nyň guryýer goşunlarynyň Baş ştabynyň başlygy general Randy Jorjyň gullukdaky iň ýokary derejeli wezipesinden çekiljekdigini yglan eden döwrüne gabat geldi.

Metbugat wekili X ulgamynda şeýle ýazdy: “General Randy A. Jorj Guryýer goşunlarynyň 41-nji Baş ştab başlygy wezipesinden dessine güýje girýän tertipde çekilýär. Harby departament general Jorjyň ýurdumyza eden köp ýyllyk gullugy üçin minnetdardyr. Oňa pensiýada üstünlik arzuw edýäris”.

Bu kararyň Eýrandaky uruş bilen baglydygyna hiç hili yşarat edilmedi. Şol bir wagtda, Trampyň tankytçylary konfliktiň gözegçilikden çykýandygyny, onuň ABŞ-da we dünýäde energiýa krizisini we ykdysady kynçylyklary döredýändigini aýdýarlar.

ABŞ metbugaty ady aýdylmadyk amerikan resmilerine salgylanyp, goranmak ýolbaşçysy Pit Hegsethiň Jorjy wezipesinden gitmäge mejbur edendigini habar berdi. Urşuň dowam edýän döwründe şeýle ädim tas görlüp-eşidilmedik ýagdaý hökmünde häsiýetlendirilýär. Habarlarda Hegsethiň bu wezipede Tramp bilen öz garaýyşlaryny durmuşa geçirjek adamy görmek isleýändigi öňe sürülýär.

Bu aralykda, 2-nji aprelde BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş Ýakyn Gündogarda “ölüm we weýrançylyk girdabynyň” togtadylmagyna çagyryş etdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Farda radiosynyň, Reuters, AFP we dpa maglumatlary esasynda taýýarlandy.