Gazak häkimiýetleri Russiýa bilen ÝES gurmak meýilnamasyndan ýüz öwürdi

Ust-Kamenogorskdaky ýylylyk elektrik stansiýasy (ÝES).

Gazak häkimiýetleri Russiýa bilen bilelikde üç sany ýylylyk we elektrik stansiýasyny (ÝES) gurmak meýilnamalaryndan ýüz öwürdi.

Kokşetau, Semeý we Ust-Kamenogorsk şäherlerindäki taslamalar Gazak-Singapur konsorsiumy tarapyndan amala aşyrylar.

Tengrinews.kz neşiri bu habary Gazagystanyň energetika ministriniň orunbasary Sungat Ýesimhanowa salgylanyp çap etdi.

Onuň sözlerine görä, Semeýde we Üst-Kamenogorskda eýýäm degişli şertnamalara gol çekildi.

Ýesimhanow potratçynyň Gazak-Singapur konsorsiumy bolup, taslamalarda döwrebap tehnologiýalaryň, şol sanda hytaý çözgütleriniň ulanyljakdygyny belledi.

Hususan-da, üç desganyň ählisinde arassa kömür tehnologiýalary we emeli intellekt elementleri ornaşdyrylar.

Bu desgalaryň 2029-njy ýylyň dördünji çärýeginde işe başlamagy meýilleşdirilýär.