Nebit-gaza baý Türkmenistanda dizel gytaldy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Şu günler Ahal we Mary welaýatlarynda ýangyç gytçylygy ýüze çykyp, ýangyç beketlerinde awtoulaglar üçin dizel ýangyjy satylmaýar.

Şu günler Ahal we Mary welaýatlarynda ýangyç gytçylygy ýüze çykyp, ýangyç beketlerinde awtoulaglar üçin dizel ýangyjy satylmaýar. Azatlygyň habarçysy bilen gepleşen sürüjileriň ençemesi gytçylyk emeli döredilýär diýip, pikir edýärler we ýangyç beketlerinde "ýok" diýilýän dizeliň iki esse gymmat bahadan teklip edilýändigini aýdýarlar.