ABŞ Eýranyň hüjüm planlary baradaky habarlaryň arasynda bombalaýjy uçarlaryny Britaniýadaky bazadan çykardy

ABŞ-nyň Howa güýçleriniň B-1 Lancer bombalaýjy uçary Angliýanyň günorta-günbataryndaky Feýrford şäherinde ýerleşýän RAF Feýrford bazasynyň uçarlaryň durýan meýdançasynda. Geçen aýyň ahyry.

ABŞ Eýranyň dronlar bilen hüjüm etmeginiň mümkindigini görkezýän aňtaw maglumatlaryndan soň, B-1 kysymly uzak aralyga uçýan bombalaýjy uçarlarynyň on iki töweregini Britaniýadaky harby bazadan çykardy. Bu barada ABŞ-nyň mediasy amerikan we ýewropaly resmilere salgylanyp habar berdi.

The Wall Street Journal neşiri Eýranyň Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusynyň Britaniýanyň howa güýçleriniň Feýrford bazasyna hüjüm meýilleşdirmekde güman edilýändigini ýazdy. Habara görä, plan uçarlary ýok etmegi we işgärleri, şol sanda amerikan pilotlaryny öldürmegi maksat edinýärdi. Bu baza ABŞ-nyň soňky wagtda Eýrana garşy amala aşyran hüjümlerinde ulanyldy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp howpuň bardygyny ykrar edip, munuň üçin jogapkärleriň "Eýran bilen baglanyşykly boljakdygyny" aýtdy. Wise-prezident JD Wens uçarlaryň goşmaça ätiýaçlyk çäresi hökmünde başga ýere geçirilendigini aýtdy. Döwlet sekretary Marko Rubio bolsa, uçarlaryň çykarylmagy bilen güman edilýän hüjüm planynyň arasynda göni baglanyşygyň ýokdugyny belledi.

Bu habarlar sentýabryň ahyrynda Feýrfordyň golaýynda britaniýaly bäş erkegiň terrorçylyk hereketlerini taýýarlamakda güman edilip tussag edilmeginden soň peýda boldy. Birnäçe günden soň Britaniýanyň we Eýranyň raýatlyklaryna eýe bolan altynjy güman edilýän adam hem tutuldy. Olaryň altysy hem soňra girew esasynda boşadyldy.

Eýran bu işe gatnaşýandygy baradaky aýyplamalary esassyz diýip ret etdi. Daşary işler ministri Abbas Arakçi Britaniýanyň "nädogry ýerden günäkär gözleýändigini" aýtdy.

Pentagon Feýrforda ýerleşdirilen ähli amerikan bombalaýjy uçarlarynyň ABŞ-daky öz hemişelik bazalaryna dolanandygyny mälim etdi.

Reuters we dpa agentlikleriniň maglumatlary esasynda.