“Talyban” Owganystanda 50 çemesi polisiýa işgärini ogurlady

“Talyban” özüniň 50 çemesi owgan polisiýa ofiserini alyp gaçandygyny aýdýar. Bu fakty welaýat resmileri hem tassyk etdi.

Polisiýa ofiserleri demirgazyk-gündogardaky çet-gyrak Kunar welaýatynyň Çapa Dara etrabynda, goňşulykdaky Nuristan welaýatyndan aýlyklaryny alyp gelenlerinden soň alnyp gaçylypdyr.

Alnyp gaçylanlar owgan polisiýasyna goşulmak üçin ýaňy tälim okuwyny tamamlan ofiserler eken.