NATO Liwiýadaky gozgalaňçylaryň düzümini barlaýar

Liwiýadaky gozgalaňçylaryň arasynda az sanly “Al-Kaýdanyň” söweşijiler toparynyň hem “Hizbullah” radikal şaýy toparynyň agzalarynyň bolmagy mümkin diýip, düýn ABŞ-nyň Senatynda eden çykyşynda Ýewropadaky NATO güýçleriniň komanduýuşisi amerikan admiraly Jeýms Stawridis aýtdy.

Admiralyň sözlerine görä, gozgalaňçy toparlaryň düzümini NATO dykgat bilen öwrenýär. Häzirlikçe Muammar Kaddafiniň garşydaşlaryna göz-görtele täsir ýetirip bilýän ekstremistler barasynda maglumat ýok.

Şu günden başlap, Liwiýada harby operasiýa alyp barýan Halkara koalision güýçlere ýolbaşçylygy Demirgazyk Atlantik ýaranlygynyň öz üstüne doly almagyna garaşylýar.