Ukrainanyň wise-premýeri Aşgabada sapar eder

Ukrainanyň birinji wise-premýeri, ýurduň ykdysady ösüş we söwda ministri Andreý Kluýew türkmen-ukrain ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki hökümetara komissiýasynyň ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin, 31-nji - 1-nji aprel aralygynda Türkmenistanda bolar.

Bu saparyň dowamynda Kluýewiň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we beýleki türkmen resmileri bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.