Türkmen futbolçylary Siriýanyň komandasy bilen oýnar

Aziýanyň XXX Olimpiýa oýunlarynyň saýlantgy ýaryşynyň ikinji tapgyrynda türkmenistanly futbolçylar Siriýanyň ýygyndy komandasy bilen oýnar.

Malaýziýanyň paýtagtynda ýerleşýän Aziýa futbol konfederasiýasynyň baş edarasynda 30-njy martda geçirilen bije atyşlygyň netijesi şeýle.

Siriýaly futbolçylar bilen türkmenistanlylar diňe milli we ýaşlaryň ýygyndy komandalarynyň derejesinde duşuşypdy.

Türkmenistanly futbolçylar 2003-nji ýylda Aleppo şäherinde 1:1 hasabynda oýny tamamlapdy, 2007-nji ýylda Dohada siriýalylardan 3:0 hasabynda utulypdy.

Olimpiýada-2012-niň birinji tapgyrynda türkmenistanly futbolçylar Indoneziýanyň komandasyny garşydaşynyň meýdanynda 3:1, Aşgabatda 1:0 hasabynda iki gezek utupdy.