“Fukusimo-Daiçi”: radiasiýanyň derejesi ýokary

Ýaponiýanyň “Fukusimo-Daiçi” atom stansiýasynyň 20 kilometrlik zolagynyň ençeme ýerinde radiasiýanyň derejesi kadadan ep-esli ýokary diýip, Halkara atom energiýasy guramasynyň wekili aýtdy.

Hususan-da, stansiýadan 40 kilometr daşlykda ýerleşýän Itata obasynda radiasiýanyň derejesi HAEG-iň adamlary göçürmegi teklip edýän derejesinden iki esse köp.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Naoto Kan adamlaryň göçüriljek zolaklarynyň giňelmeginiň mümkindigini aýtdy.

Ýer titremede hem deňiz harasadynda heläkçilige uçran stansiýada reaktorlary sowatmak hem radioaktiw suwlary aýyrmak boýunça işler dowam edýär.