ABŞ: «Assadyň çykyşy reforma meselesinde kelte gaýtdy»

Birleşen Ştatlar Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň sözlän sözünde hökümete garşy protestlerde talap edilen reformalaryň hiç birine galtaşylmandygyny aýdyp, ony berk tankyt etdi.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Mark Toner al-Assadyň 3-nji gün eden çykyşy mazmunsyz boldy diýdi.

Al-Assad parlamente ýüzlenip eden çykyşynda öz hökümetine garşy iki hepde dowam edýän görülmedik protestleri ýurduň «duşmanlaryndan» görýändigini aýtdy.

Şeýle-de ol adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň ýatyrylýandygyny yglan etmedi.
Käbirleri onuň şeýle habary yglan etjegini çaklapdy.

Onuň çykyşyndan birnäçe sagat soň port şäheri bolan Latakiýada protestleriň bolandygy we tüpeň sesleriniň eşidelendigi aýdyldy.