Iordan patyşasy Abdylla II Orsýete sapar edýär

Iordan patyşasy Abdylla II iş sapary bilen Moskwa gelýär.

Ammandaky patyşa köşgüniň beýanatynda Abdyllanyň rus prezidenti Dmitriý Medwedew we premýer-ministr Wladimir Putin bilen duşumagyna garaşylýandygy, olaryň arap dünýäsindäki gozgalaňlaryň täsirleri, şeýle-de palestinalylar bilen ysraýyllylaryň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerini dikeltmegiň perspektiwalary barada gepleşjekdikleri aýdylýar.

Kremiliň metbugat gullugy Medwedewiň Abdylla bilen penşenbe güni duşuşjagyny aýtdy.