2010-da harby maksatlara $1,6 trillion sarp edildi

Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda ýerleşýän Parahatçylyk boýunça halkara barlag institutynyň beren maglumatlarynda 2010-njy ýylda dünýä boýunça harby maksatlara sarp edilen serişdeleriň möçberiniň 2009-njy ýyla garanda 1,3% ýokarlanyp, 1,6 trillion dollara barabar bolandygy aýdylýar.

Bu görkezji harby maksatlara sarp edilýän serişdeleriň ösmegi boýunça soňky 10 ýylyň içinde iň pes san hasaplanýar.

Bu hasabatda 2010-njy ýylda Birleşen Ştatlaryň öz harby maksatlaryna sarp eden serişdeleriniň mukdarynyň ilkinji orunda bolup, onuň dünýä boýunça sarp edilen serişdeleriň 43%-ni tutandygy aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň 2010-njy ýylda harby maksatlara sarp eden serişdeleriniň möçberi 700 milliard dollara golaý boldy diýlip, habar berilýär.

ABŞ-dan soňra harby çykdajysy iň köp bolan ýurt Hytaý boldy diýlip görkezilýär. Hytaý 2010-njy ýylda harby maksatlary üçin 120 milliard dollara barabar serişde goýberipdir.

Harby maksatlara iň köp çykdajy eden ýurlaryň onlugyna Orsýet, Ýaponiýa, Saud Arabystany, Germaniýa, Hindistan we Italiýa hem girýär.