Ýerewandan Daglyk-Garabaga uçuşlar başlanar

Dawaly Daglyk-Garabag sebitinde aeroportuň açylmagy Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dartgynlylygy mundan beýläk-de ösdürip biljekdigini Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy duýdurýar.

Şeýle-de ÝHHG-niň ýaýradan beýanatynda uçuşlary ýola goýmak boýunça iki tarapyň hem birek-biregi bilen ylalaşmagyna çagyryş edilýär.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan Ýerewandan bu sebite uçjak uçaryň ilkinji ýolagçysy boljakdgygyny aýtdy. Bu uçuşy şu ýylyň ahyryna çenli ýola goýmak göz öňünde tutulýar.