ABŞ: Eýran Siriýanyň hökümetine hemaýat edýär

Birleşen Ştatlaryň aýtmagyna görä, Eýran Siriýanyň hökümetine demokratik demonstrantlary basyp ýatyrmaga hemaýat edýär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toner: “Eger-de Siriýa kömek üçin Eýrana ýüz tutýan bolsa, onda ol reformalary geçirmäge çynlakaý çemeleşmeýär” diýdi.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi ýurduň Daşary işler ministrliginiň resmisiniň sözlerine salgylanyp, Amerikanyň bu beýanatyny ret etdi.