Kaddafiniň goşunlary Misuratany oka tutýar

Liwiýadaky gozgalaňçylaryň berýän maglumatyna laýyklykda, Muammar Kaddafiniň goşunlary ýurduň üçünji uly şäheri Misuratany oka tutmaga dowam edýärler.

Misurata ýurduň günbatarynda gozgalaňçylaryň elindäki ýeke-täk şäherdir. Kaddafiniň goşunlary bu şäheri soňky ýedi hepde bäri gabawda saklaýar.

Gozgalaňçylaryň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, söweşlerde ýekşenbe güni azyndan 17 adam ölüpdir, 100-e golaý adam ýaralanypdyr.

Kaddafiniň goşunlary ýurduň gündogaryndaky Ajdabiýa hem hüjümlerini dowam etdirýärler. Bu söweşlerde ýaralanan gozgalaňçylaryň biri Walid Arafy şeýle gürrüň berýär: "Biz öňe gitmäge synanyşdyk, ýöne olar juda güýçli, dogrymy aýtsam, olar bizi togtatdylar. Olar bizi saklamak üçin ähli güýçlerini ulandylar”.

Şeýle-de duşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Ban Ki- mun Liwiýadaky atyşyklaryň derhal kesilmegine çagyryş etdi.