“Toyota” kompaniýasynyň önümçiligi peselýär

Ýaponiýanyň “Toyota” maşyn gurluşyk kompaniýasy ýurtdaky tebigy betbagtçylykdan soň öz önümleriniň öndürilişiniň hem satylyşynyň düýpli peselendigini aýdýar.

Geçen ýylyň mart aýy bilen deňeşdirilende, hazir önümçilik 60% peselipdir.

“Toyota” dünýäde iň iri maşyn gurluşyk kompaniýasy hasaplanylýar.

Şeýle hem “Nissan” we “Honda” kompaniýalarynyň önümçiligi-de düýpli pese düşüpdir.

Şu günki ýaýradylan maglumata görä, Ýaponiýanyň ykdysadyýeti hem pese gaýdar.

Ýurduň premýer-ministi Naoto Kan adatdan daşary ýagdaýda ýurdy kadaly dolandyryp bilmezlikde tankytlanylýar.