ABŞ barlaglary ukrainalylary rus raýatlygyny almaga mejbur etmek 'kampaniýasynyň' üstüni açdy

Bezeg suraty

Russiýanyň basyp alan ýerlerinde ýaşaýan ukrainalylar Russiýanyň raýatlygyny almaga ýa-da berk ar alynmagy, şol sanda Russiýa deportasiýa edilmek bilen ýüzbe-ýüz bolmaga mejbur edilýär diýip, 2-nji awgustda ABŞ goldawynda çap edilen barlag netijelerinde aýdylýar.

Geçirilen barlaglaryň netijeleri Luhansk, Donetsk, Herson we Zaporižýa sebitleriniň ýaşaýjylarynyň ukrain şahsyýetini ýok etmek ugrunda uly tagalla edilýändigini görkezýär.

"Bu hasabatda ýaşaýjylaryň Russiýanyň raýatlygyny almaga mejbur edilişini görkezýän aladaly kampaniýanyň jikme-jiklikleri beýan edilýär” diýip, döwlet departamentiniň metbugat sekretary Matýu Miller aýtdy.

"Muny etmekden (rus raýatlygyny almakdan) ýüz öwürýänler, jemgyýetçilik hyzmatlaryna, işe we emläk eýeçiligine bolan elýeterlilikleri çäklendirilip, hereketine, saglygyna we eklenjine täsir edýän ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar."

Ukrainanyň basylyp alnan ýerlerinde doglan çagalaryň ene-atalary, çagalaryny Russiýanyň raýatlygy üçin hasaba aldyrmakdan ýüz öwürýän ene-atalar has köp kynçylyklara, şol sanda ene-atalar üçin döredilýän ýeňilliklere elýeterliligiň azaldylmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

"Käbir ene-atalara çagalaryna bolan hossarlyk gatnaşygyny ýitirmek we Russiýa deportasiýa edilmek haýbaty atyldy” diýip, Miller aýtdy.