ABŞ-nyň gijäniň dowamynda Eýranyň birnäçe nebit tankerini ýok etmeginden soň, Tähran 9-njy sentýabrda Hormuz bogazynyň golaýyndaky gämilere hüjüm edendigini mälim etdi. Bu alty aý bäri dowam edýän urşuň düýpli ýitileşmegine getirdi.
Özara zarbalar dünýä bazarlarynda nebitiň bahasynyň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Brent görnüşli nebitiň bir barreliniň bahasy iýuldan bäri ilkinji gezek 100 dollara ýetdi.
Tähran ABŞ-nyň Iordaniýadaky bir harby bazasyna ballistik raketalary atandygyny hem aýtdy. Heläk bolanlar, ýaralananlar ýa-da ýetirilen zyýan barada habar berilmedi.
Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Eýran bilen ABŞ biri-birine jogap zarbalaryny urýar. Synçylar munuň giň gerimli urşuň gaýtadan tutaşmagyna getirip biljekdigini aýdýarlar.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 9-njy sentýabrda Birleşen Ştatlaryň urşy bes etmek üçin ylalaşyk gazanmaga çalyşmaýandygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, ol gepleşikleriň bolup biljekdigini sözüniň üstüne goşdy.
Tramp žurnalistlere noýabrda geçiriljek Kongrese aralyk saýlawlardan soň konfliktiň «dessine» tamamlanjakdygyna ynanýandygyny hem aýtdy. Sebäbi, onuň sözlerine görä, Eýran «mundan artyk çydap bilmez».
Gämiler nyşana alynýar
ABŞ-nyň harby güýçleri Eýranyň esasy nebit eksport merkezi bolan Harg adasynyň golaýynda gijäniň dowamynda bäş eýran nebit tankerini gark edendiklerini aýtdy. Olar munuň soňky iki günde Tähranyň ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň bir gämisine raketalary atmagyna jogapdygyny mälim etdiler.
Eýran jogap hökmünde Iordaniýa tarap 20 ballistik raketany atdy. Iordaniýa olaryň 18-siniň öňüniň alnandygyny, ikisiniň bolsa ilatsyz ýerlere gaçandygyny habar berdi.
Eýranyň ýaragly güýçleriniň saýlama düzümi bolan Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusy (YRGK) ABŞ-nyň iki gämisine, sekiz nebit tankerine we Hormuz bogazyndan geçmäge synanyşýan, «talaplary berjaý etmeýän» 10 gämisine hem hüjüm edendigini öňe sürdi.
Dünýäniň energiýa üpjünçiligi üçin möhüm geçelge bolan bu strategiki bogaz fewralda ABŞ bilen uruş başlanaly bäri Tähran tarapyndan iş ýüzünde ýapyk saklanýar.
Eýran urşuň öňräkki tapgyrynda Hormuz bogazynda öz kenarýakasynyň golaýyndan geçýän gämi gatnaw ugruny kesgitläpdi. Ol Omanyň kenarýakasyndan geçýän, ABŞ tarapyndan goldanylýan ýoly ulanýan islendik gäminiň nyşana alynjakdygyny aýdypdy.
Britaniýanyň Harby-deňiz güýçleri bilen baglanyşykly Beýik Britaniýanyň Deňiz söwda operasiýalary gullugy (UKMTO) 9-njy sentýabrda Oman we Pars aýlaglaryndaky «birnäçe» gäminiň «sebitde dowam edýän harby hereketleriň çäginde hereketden galdyrmak üçin oka tutulandygyny» aýtdy.
Aýratynlykda, YRGK ABŞ-nyň ýaranlary bolan Kuweýtiň we Bahreýniň portlaryndaky tankerleriň ekipažlaryna ol ýerden çykmak barada duýduryş berdi. Bu Hormuz bogazynyň töwereginde gämi gatnawynyň has-da bozuljakdygy baradaky aladalary güýçlendirdi.
Ýagdaýyň ýitileşmegi gämi gatnawyna eýýäm täsir ýetirdi. Çig mal bazarlaryny we gämi gatnawyny seljerýän Kpler kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 8-nji sentýabrda bogazdan bary-ýogy alty söwda gämisi geçdi. Bu soňky döwürdäki ortaça görkezijiden ep-esli azdyr.
Şeýle hem 9-njy sentýabrda YRGK ilkinji gezek Oman aýlagynyň we Arap deňziniň käbir böleklerini täze «gadagan zolaga» goşdy. Bu zolakdaky gämileriň «sanksiýalara» sezewar ediljekdigi mälim edildi.
ABŞ Eýrana «tankerlerini ýitirjekdigi» barada duýduryş berýär
Eýranyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň ýurduň nebit tankerlerine eden hüjümini «sebit we halkara parahatçylygyna hem-de howpsuzlygyna aç-açan howp» hökmünde ýazgardy. Ministrlik bu hüjümleriň «sebitde dartgynlyk bilen bagly howplary artdyrýandygyny» aýtdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Eýranyň her gezek amerikan gämilerine zarba urmaga synanyşanda «tankerlerini ýitirjekdigini» aýtdy.
«Eýran ABŞ-nyň harby-deňiz gämilerine zarba urmaga synanyşmagyny dowam etdirýär. Olar her gezek şeýle edende ýa-da şoňa synanyşanda tankerlerini ýitirerler. Meniň pikirimçe, muny şu gün hem ýene görersiňiz» diýip, Rubio 8-nji sentýabrda Kolumbiýa saparynyň dowamynda žurnalistlere aýtdy.
Rubionyň bu sözleri Waşingtonyň Eýrany ykdysady taýdan gysaja almak boýunça kampaniýasyny güýçlendiren wagtyna gabat geldi. ABŞ 8-nji sentýabrda Eýranyň awiasiýa pudagyny hem-de Tähranyň uçarlary we duýgur tehnologiýalary edinmegine ýardam bermekde aýyplanýan kompaniýalary nyşana alýan täze sanksiýalary yglan etdi.
Şol gün Eýranyň milli pul birligi bolan rialyň esasy daşary ýurt walýutalaryna garşy hümmeti täze iň pes derejä düşdi.
ABŞ Eýranyň gämilerini we portlaryny deňiz gabawyna hem aldy. Bu Eýranyň esasy girdeji çeşmesi bolan nebit eksportyny bökdeýär.