ABŞ-da bolan atyşykda 18 adamyň ölendigi, 13 adamyň ýaralanandygy aýdylýar

Güman edilýän atyjynyň suraty

ABŞ-nyň Meýn ştatynyň gubernatory 25-nji oktýabrda Lewiston şäherindäki bouling meýdançasynda we restoranda bolan ok atyşykda 18 adamyň ölendigini, 13 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Gubernator Janet Mills bu sözleri 26-njy oktýabrda geçirilen metbugat ýygnagynda, atyjynyň gözleginiň dowam etdirilýän wagtynda aýtdy.

Ol adamlary oka tutmakda güman edilýän adamyň ýaragly we howply hasaplanylýandygyny hem sözüne goşdy.

Polisiýa bu adamyň 40 ýaşly bir erkekdigini anyklady. Onuň ok atýan ýaraglar boýunça tälim beriji bolandygy çaklanylýar.