ABŞ-da YD bilen ilteşiklidir öýdülýän 8 täjigistanly saklandy

Bezeg suraty

Soňky günlerde ABŞ-da “Yslam döwleti “ (YD) terror topary bilen ilteşikli bolmakda güman edilýän sekiz täjigistanly tussag edildi diýip, AP habar gullugy 11-nji iýunda bu meseleden habarly adamlara salgylanyp aýtdy.

Ol adamlar Nýu-Ýorkda, Filadelfiýada we Los Anjelesde tussag edildi.

Anonimlik şertinde gürlän adamlaryň aýtmaklaryna görä, ýurda günorta serhetden giren şahslar immigrasiýa düzgünlerini bozandyklary üçin saklanýar. Olaryň YD bilen ilteşigi baradaky gümanyň tebigaty bada-bat aýdyň bolmady, ýöne bu adamlar Federal deňrew býurosynyň (FBI) bilelikdäki Terrorçylyk iş topary tarapyndan yzarlanýar.