Birleşen Ştatlar, "Daşary ýurt agenti kanunynyň" kabul edilmegi sebäpli, onlarça gürji resmisine garşy wiza çäklendirmelerini girizdi. Kremliň başga pikirlileri basyp ýatyrmakda ulanan kanunyna meňzeş bolmakda we Gürjüstanyň Ýewro-Atlantik ugruna wehim salmakda tankytlanan kanun ýurtda hepdeläp dowam eden köpçülikleýin protetslere sebäp boldy.
Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Matthew Miller bu çäräni 6-njy iýunda, Gürjüstanyň parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwili prezident Salome Zurabişwiliniň bu kanuna goýan wetosyny ýatyryp, dolandyryjy “Gürjüstan arzuwy” partiýasynyň kanun çykaryjylarynyň goldan kanuna gol çekeninden üç gün soň yglan etdi.
Bu kanun taslamasyna garşy geçirilen we birnäçe hepdä çeken demonstrasiýalarda ýüzlerçe adam tussag edildi. Demonstrasiýa wagtynda tussag edilenleriň käbiri, ýaralanan opponentler we žurnalistler göz ýaşardyjy gaz, suw toplary w rezin oklar bilen garşylandy. Olaryň jenaýat aýyplamalarynda aýyplanyp, azatlykdan mahrum edilmegi hem mümkin.
"Bu wiza çäklendirmeleriniň ilkinji tapgyry bolup, "Gürjüstan arzuwy” partiýasynyň agzalaryny, parlament agzalaryny, hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini we hususy raýatlary öz içine alýar" diýip, Miller žurnalistlere aýtdy.
"Bu ýere, meselem, parahatçylykly ýygnanyşmak we birleşmek azatlyklaryny opurmak, parahatçylykly demonstrantlara gazaply hüjüm etmek, raýat jemgyýetiniň wekillerini gorkuzmak we Gürjüstanyň hökümetiniň görkezmesi bilen bilkastdan galp maglumat ýaýratmak arkaly, Gürjüstanda demokratiýa zyýan ýetirilmegine jogapkär bolan ýa-da oňa gatnaşýan adamlar, olaryň ýakynlary girýär” diýip, Miller aýtdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken geçen aý, kanun çykaryjylar bu kanun taslamasyny ilkinji gezek tassyklanyndan soň, şeýle sanksiýalaryň girizilmek ähtimallygyny ilkinji gezek duýdurdy we ABŞ-nyň Gürjüstana berýän ähli kömeginiň täzeden gözden geçiriljekdigini aýtdy.
Gürjüstanyň Günbatar institutlaryna goşulyşmagynyň esasy goldawçylarynyň biri bolan Waşington soňky birnäçe ýylda Tbilisä 390 million dollar möçberinde kömek berdi.
"Bu hereketler Gürjüstanyň Ýewropa geljegini töwekgellige salyp, Gürjüstanyň konstitusiýasyna we halkynyň isleglerine ters gelýär" diýip, Miller wiza çäklendirmeleriniň nyşany bolan beýleki adamlary anyklaşdyrman aýtdy.
Ol bu kanuny öňe sürmekde we protestçileri basyp ýatyrmakda eli bolan "onlarça" adamyň jezalandyrylandygyny aýtdy.
"Biz Gürjüstanyň ýolbaşçylarynyň öz hereketlerine täzeden seredip, öz halklarynyň öňden bäri aýdyp gelýän demokratik we Ýewro-Atlantik islegleri bilen ugurdaş gopmagyna umyt baglaýarys” diýip, Miller žurnalistlere aýtdy. "Ýöne olar beýle etmese, Birleşen Ştatlar goşmaça çäreleri hem görmäge taýýar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Oppozisiýa kanun çykaryjysy, oppozisiýadaky “Birleşen Milli Hereket” partiýasynyň başlygy Lewan Habeşwili ABŞ-nyň gören çäresini gutlady we kanunyň kabul edilmeginiň ykdysady zyýanlarynyň hem boljakdygyny aýtdy.
“'Rus kanuny' üçin ses beren kanun çykaryjylar we parahat demonstrantlary dargadan polisiýa işgärleri sanksiýalara sezewar edildi, bu diňe başlangyç. Bu hili ýurda haýsy inwestor geler ýa-da bu ýurtda haýsy maýadar galar ?! [“Gürjüstan arzuwyny” esaslandyryjy Bidzina] Iwanişwili döwründe ykdysady çökgünlik gutulgysyz! Iwanişwili toparynyň ýykgynçylygy gürji raýatlarynyň jübüsine zarba urýar. Gürjüstanyň halkyna goldaw bereni üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sag bolsun aýdýaryn!" diýip, Lewan Habeşwili aýtdy.
Syýasatçy we telekeçi, merkezçi syýasy partiýanyň, "Lelonyň" lideri Mamuka Hazaradze, “Gürjüstan arzuwynyň” “ygrarsyz” syýasatçylaryna garşy sanksiýa girizmek bilen, ABŞ-nyň gürjüstanlylaryň günbatar arzuwlaryny goldaýandygyny aýtdy.
"Amerika gürji halkyna üýtgewsiz goldaw berýändigini ýene bir gezek tassyklady" diýip, Hakaradze sosial mediada ýazdy we watandaşlaryny oktýabr aýynda geçiriljek parlament saýlawlarynda öz seslerini üýtgeşiklik getirmek üçin ulanmaga çagyrdy.
"Birleşen Ştatlar çäre gördi. Ygrarsyz hökümete garşy girizilen sanksiýalaryň ilkinji tolkuny ýetip gelýär. Emma muňa garamazdan, biz [Gürjüstan] arzuwy hökümeti demokratiýadan daşlaşyp, Russiýa näçe ýakynlaşsa, onuň ýurda we biziň halkara bähbitlerimize şonça-da kän zyýan ýetirjekdigini unutmaly däldiris. Muňa ýol berilmeli däl! Bu geljege dönüklik etmekdir! Indi biziň nobatymyz – bir ahyrynda, oktýabr aýynda ýeňiş gazanmak üçin has köp tagalla etmeli!" diýip, Hakaradze ýazdy.
Medeniýet ministri Tea Tsulukiani hökümetiň sanksiýalara bildiren ilkinji reaksiýasynda Waşingtonyň gören çäresini "ýalňyşlyk" diýip atlandyrdy we sanksiýalr baradaky karary ýatyrmaga çagyrdy.