ABŞ Kimiň Putin bilen duşuşmagyna garaşylýandygyny aýdýar

Kim şu aý Putin bilen duşuşmak üçin Wladiwostok şäherine geljege meňzeýär diýip, "Nýu-Ýork Taýms" gazeti habar berdi.

Ak tam Russiýa bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky ýarag gepleşikleriniň “işjeň ýagdaýda ösýändigini” we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň duşuşmagyna garaşylýandygyny aýdýar.

"Bizde Kim Çen Unyň bu gepleşikleriň dowam etmegine, şol sanda lider derejesinde diplomatik gatnaşygy öz içine almagyna garaşýandygy barada maglumat bar" diýip, Ak tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Adrienne Watson 4-nji sentýabrda aýtdy.

Kim şu aý Putin bilen duşuşmak üçin Wladiwostok şäherine geljege meňzeýär diýip, "Nýu-Ýork Taýms" gazeti habar berdi.

Ak tam geçen hepde Russiýanyň Phenýan bilen Moskwanyň Ukrainadaky urşunda zerur bolan ýaraglary satyn almak barada gepleşik geçirýändigini aýtdy.