ABŞ-nyň maliýe ministri Skott Bessent Birleşen Ştatlaryň Tährana garşy "taryhdaky iň berk sanksiýalary" girizjekdigini aýtdy we ykdysady basyşy güýçlendirmek meýilnamalarynyň ABŞ-nyň Eýrana garşy güýçli harby hüjümleriniň ýakyn wagtda täzeden başlanmagynyň mümkin däldigini aňladýandygyny belledi.
"Bu goşa zarba. Biz [Eýranyň portlarynda] blokada girizdik we taryhdaky iň berk sanksiýalary girizeris" diýip, Bessent 20-nji awgustda ABŞ-nyň CNBC teleýaýlymyna beren maglumatynda aýtdy. "Bu [sanksiýalar] Eýran babatynda işlär we biz bu režimi agdararys" diýip, ol sözüne goşdy.
Bessent bu sözleri, prezident Donald Trampyň Eýrana "ägirt uly möçberde ykdysady uruş we izolýasiýa" bilen haýbat atyp, Eýrana goldaw berýän islendik ýurduň agyr ykdysady kynçylyklara duçar boljakdygyny duýdurmagyndan bir gün soň aýtdy.
Tährana basyş etmekden başga-da, "öz maliýe edaralarynyň, kärhanalarynyň, aeroportlarynyň ýa-da hökümet edaralarynyň Eýrana islendik görnüşli halas ediş goldawyny bermegine rugsat berýän ISLENDIK ýurt hem ÄGIRT Ykdysady Netijeler bilen ýüzbe-ýüz bolar" diýip, Tramp 19-njy awgustda giçlik "Truth Social" platformasynda ýazdy.
ABŞ-nyň maliýe ministri Skott Bessent
“Bu dünýä taryhyndaky iň uly utgaşdyrylan ykdysady izolýasiýa bolar” diýip, Bessent aýtdy. “Biz [ýaranlarymyza] hem siz ýa biziň bilen, ýa-da bize garşy diýip aýdarys” diýip, ol sözüne goşdy.
Ne Tramp, ne-de Bessent jikme-jik maglumat berdi.
Bessent CNBC teleýaýlymyna beren maglumatynda "biz näme etjekdigimiz barada gürleşmek üçin" 20-nji awgustda metbugat ýygnagyny geçireris hem diýdi.
20-nji awgustda nebitiň bahalary ýokarlananda, Bessent nebit bazarlarynyň "bu ykdysady basyşyň nämäni aňladýandygyna nädogry düşünýändigine" ynanýandygyny aýtdy.
"Eger biz iň ýokary ykdysady basyş edýän bolsak, onda bu giň gerimli kinetik [hereketiň] ähtimal täzeden bolmajagyny aňladýar" diýip, ol sözüne goşdy.
Bu kontekstde "kinetik" harby hereketi aňladýar.
Tramp öz duýduryşlaryny, Tähranyň Birleşen Ştatlar bilen ylalaşyga gelmändigi barada sosial mediada ýaýradan ýazgysynda belledi.
Bu ýazgy, Tramp Eýran bilen gepleşikleriň "käbir pursatda" täzeden başlanyp biljekdigini aýdandan birnäçe sagat soň peýda boldy. Şonda ol häzirki ýagdaýa kanagatlanma bildirip, "häzirki wagtda ýagdaýyň gaty gowudygyny pikir edýärin" hem diýdi.
ABŞ bilen Eýranyň arasynda şu ýylyň iýun aýynda gol goýlan özara düşünişmek memorandumy (ÖDM) esasynda bellenen 60 günlük gepleşik möhleti şu hepdäniň başynda tamamlandy.
Bu memorandum çaknyşygy bes etmek, Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak we Hormuz bogazynda gämi gatnawynyň erkinligini dikeltmek üçin çarçuwaly döretmegi maksat edinýärdi.
Birleşen Ştatlar Eýranyň iýul aýynda bogazdaky bitarap söwda gämilerine hüjüm edip, iýun aýyndaky ylalaşygy bozandygyny we munuň ABŞ-nyň harby hereketleriniň täzeden başlamagyna sebäp bolandygyny aýdýar. ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy urşy şu ýylyň 28-nji fewralynda başlandy.
AFP we Reuters neşirleriniň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.