ABŞ Eýrandan ele salnan 1.1 million ok-därini Ukraina berdi

Ukrainanyň günortasynda bir tälimçi Zaporižýada meýletinçä Kalaşnikow tüpeňinden atmagy öwredýär.

ABŞ Eýrandan ele salnan kiçi göwrümli ýaraglar üçin ok-därileriň 1.1 million aýlawyny Ukraina berdi. Bu barada ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi 4-nji oktýabrda mälim etdi.

Ukraina Russiýanyň basybalyjy güýçlerine garşy Eýrandan ele salnan 7.62-mm oklary ulansa, Eýran Moskwany, şol sanda Ukrainanyň raýat we harby desgalaryna zarbalary amala aşyrmak üçin hem, Şahed 136 dronlary bilen üpjün edip gelýär.

Eýrandan ele salnan ok-däriler sowet döwrüniň Kalaşnikow hüjüm tüpeňlerinde ulanylýar. Ozalky sowet respublikasy Ukraina entegem aglaba harby bölümlerinde Kalaşnikow kysymly ýaraglara bil baglaýar.