ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky garşylyk düýpli ýitileşdi. Waşington Eýranyň bäş nebit tankerini ýok etdi, Tähran bolsa muňa Iordaniýadaky ABŞ güýçlerine raketa hüjümleri bilen jogap berdi. Şeýle-de, Eýran amerikan harby gämilerine we beýleki gämilere zarba urandygyny öňe sürdi.
ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi (CENTCOM) 9-njy sentýabrda öz güýçleriniň Oman aýlagynda «Kaviz», «Charminar», «Horizon 1» we «Riesco» tankerlerini, Eýranyň Harg adasynyň golaýynda bolsa «Derya» tankerini ýok edendigini mälim etdi.
Merkezi serkerdeligiň maglumatyna görä, bu tankerler Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusyny (YRGK) we onuň sebitdäki ýaranlaryny maliýeleşdirýän, Eýranyň milliardlarça dollarlyk nebit söwda torunyň bir bölegidi. Zarba urulmazdan öň, ekipažlara gämileri terk etmek buýruldy. ABŞ-nyň harby gullukçylarynyň hiç biri ýaralanmady.
Merkezi serkerdeligiň aýtmagyna görä, bu zarbalar Eýranyň ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň bir harby gämisine ballistik raketalar bilen eden iki şowsuz hüjüminden soň uruldy. Mundan bary-ýogy birnäçe gün öň hem ABŞ amerikan awiagöterijisine we esminesine hüjüm etmek synanyşyklaryndan soň Eýranyň başga üç nebit tankerini ýok edendigini mälim edipdi.
Iordaniýanyň häkimiýetleriniň maglumatyna görä, Eýran gijeki jogap hüjüminde Iordaniýa tarap 20 ballistik raketa atdy. Ýurduň howa goragy olaryň 18-sini urup gaçyrdy, ikisi bolsa ilatsyz ýerlere düşdi. Ölen ýa-da ýaralanan adamlar barada habar berilmedi.
YRGK hem ABŞ-nyň iki harby gämisine we ýene sekiz tankere hüjüm edip, olara uly zyýan ýetirendigini öňe sürdi. Bu maglumatlar garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklanmady.
YRGK şeýle-de Kuweýtiň we Bahreýniň portlaryndaky tankerleriň ekipažlaryna gämileri terk etmek barada duýduryş berdi. Bu strategik taýdan örän möhüm bolan Hormuz bogazynyň töwereginde gämi gatnawynyň ýene bökdelmegi baradaky aladalary güýçlendirdi.
Dartgynlygyň güýçlenmegi gämi gatnawyna eýýäm täsir ýetirdi. Kpler-iň maglumatlaryna görä, 8-nji sentýabrda Hormuz bogazyndan diňe alty täjirçilik gämisi geçdi. Bu soňky döwürdäki ortaça görkezijiden ep-esli azdyr.