ABŞ Eýranyň deňiz gatnawyna howp salmak mümkinçiliklerini gowşatmak üçin täze hüjümleri amala aşyrdy

ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi tarapyndan çap edilen suratda 11-12-nji iýulda aýdyňlaşdyrylmadyk bir ýerdäki partlamalar görkezilýär.

ABŞ 13-nji iýulyň irki sagatlarynda Eýrana garşy zarbalaryň täze tapgyryny amala aşyrdy. Bu hüjümler bir gün öň strategik taýdan möhüm Hormuz bogazynyň golaýyndaky sebitlere urlan howa zarbalarynyň dowamy boldy. Waşington şol zarbalaryň Tähranyň bu suw ýolundaky gämi gatnawyna eden hüjümlerine jogapdygyny aýtdy.

“ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň güýçleri Eýranyň Hormuz bogazyndan erkin geçýän parahat gämiçileri we täjirçilik gämilerine hüjüm etmek mümkinçiligini mundan beýläk hem gowşatmak üçin täze zarbalary amala aşyrmaga başlady” diýip, CENTCOM beýanatynda aýtdy.

“Serkerdebaşy Eýran güýçlerini jogapkärçilige çekmek üçin bu zarbalary amala aşyrmagy buýurdy” diýlip, beýanatda prezident Donald Trampa salgylanyp bellenildi.

Şol bir wagtda, Eýranyň döwlet mediasy Hormuz bogazynyň golaýyndaky birnäçe sebitde, şol sanda Bender-Abbasda, Sirikde we Buşehr welaýatynda partlamalaryň bolandygyny habar berdi. Bu maglumatlary dessine garaşsyz tassyklamak mümkin bolmady.

ABŞ-nyň Aýlagdaky arap ýaranlary hem Waşingtonyň hereketlerine jogap hökmünde Eýrandan atylan uçýan enjamlaryň özlerine tarap atylandygyny habar berdiler.

12-nji iýulyň irki sagatlarynda ABŞ soňky bir hepdäniň dowamynda Eýrana garşy üçünji zarbalar tapgyryny amala aşyrdy. Bu hüjümler Tähranyň täjirçilik konteýner gämisine zarba urmagyndan we dünýäniň strategik taýdan iň möhüm suw ýollarynyň biriniň ýapylandygyny yglan etmeginden soň Eýranyň birnäçe desgasyny nyşana aldy.