ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi (CENTCOM) Hormuz bogazynyň golaýynda we Eýranyň kenarýaka sebitlerinde ýerleşýän harby nyşanalara gijäniň dowamynda urlan zarbalaryň ýene bir tapgyryny tamamlandygyny aýtdy. Şol bir wagtda Birleşen Ştatlar Eýranyň portlaryna barýan ýa-da olardan çykýan gämilere garşy deňiz gabawyny gaýtadan girizdi. Tähran bolsa Bahreýndäki we Kuweýtdäki ABŞ harby desgalaryny nyşana alandygyny habar berdi.
“ABŞ-nyň söweş uçarlary, dronlary we harby-deňiz gämileri ýedi sagat dowam eden zarbalar tapgyrynyň dowamynda Eýranyň raketa we dron desgalaryna, harby-deňiz kuwwatyna hem-de kenarýaka goranyş ulgamlaryna takyk dolandyrylýan ýaraglar bilen zarba urdy. Munuň maksady Eýranyň täjirçilik gämilerine we parahat ilatdan düzülen ekipažlara howp salmak ukybyny has-da gowşatmakdan ybaratdy” diýip, CENTCOM X platformasyndaky ýazgysynda aýtdy.
“Häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň 20-den gowrak söweş gämisi we ýüzlerçe harby uçary hereket edýär” diýip, CENTCOM sözüniň üstüni ýetirdi.
Eýranyň Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusy (YRGK) Bahreýndäki we Kuweýtdäki ABŞ harby desgalaryna, şol sanda ABŞ-nyň Bäşinji floty tarapyndan ulanylýan obýektlere zarba urandygyny aýtdy. Iordaniýanyň goşuny bolsa 15-nji iýulda Eýrandan atylan üç raketany saklap, ýok edendigini habar berdi.
CENTCOM-yň serkerdesi admiral Brad Cooper Eýranyň soňky ýedi günüň dowamynda sebitiň dürli ýerlerinde ýedi täjirçilik gämisine bilkastlaýyn hüjüm edendigini hem aýtdy. Onuň sözlerine görä, hüjümler zerarly parahat ilatdan bolan ekipaž agzalarynyň onlarça çemesi öldi, ýaralandy ýa-da dereksiz ýitdi.
Ol Eýran güýçleriniň goňşy Aýlag ýurtlaryna tarap hem onlarça raketa we dron atandygyny aýtdy.
Şol bir wagtda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tähran gepleşik stoluna dolanmasa, Birleşen Ştatlaryň harby kampaniýasyny giňeldip, Eýranyň elektrik stansiýalaryny we köprülerini hem öz içine alýan raýat infrastrukturasyny nyşana alyp biljekdigini duýdurdy.
Tramp 14-nji iýulda Fox News telekanalyna beren interwýusynda Birleşen Ştatlaryň ýakyn gijelerde Eýrana “örän güýçli” zarba urjakdygyny aýtdy. Şeýle hem ol Eýrana garşy harby zarbalaryň “men ýeterlik diýýänçäm” dowam etjekdigini belledi.