ABŞ Gazadaky atyşygy togtatmaga çalyşýar, Blinken Ýakyn Gündogara sapar eder

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken şu hepde Ýakyn Gündogara sapar eder diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamenti 19-njy martda aýtdy.

Waşington Palastinanyň söweşiji topary tarapyndan zamun alnan adamlaryň boşadylmagyna ýol açmak üçin Gazada Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky atyşygyň togtadylmagyny gazanmaga çalyşýar.

Hamas ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen topar bolup durýar. Blinken Saud Arabystanyna we Müsüre baryp, iki ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen duşuşar diýip, Döwlet departamenti aýtdy.

Ysraýyl 18-nji martda, Hamas toparynyň baza hökmünde ulanýandygyny aýdyp, Gazanyň esasy hassahanasyna, "Şifa" reýd geçirdi.

BMG-niň Azyk agentligi demirgazyk Gaza açlyk howpunyň abanýandygyny aýdýar.

Harbylar Hamas toparynyň ýaragly we lukmançylyk merkeziniň içinde gizlenen serkerdesini öldürendiklerini we operasiýada öz esgerlerinden biriniň öldürilendigini aýtdylar.

Gazanyň Saglygy goraýyş ministrligi goşunyň hassahana hüjüm edendigini we ýörite saglyk operasiýalary üçin ulanylýan binany oka tutandygyny aýtdy.