ABŞ Gaznasy Russiýanyň harby önümçiligine garşy girizilen sanksiýalary giňeldýär

ABŞ-nyň Gazna departamenti 12-nji iýunda 300-den gowrak gurama täze sanksiýalary yglan etdi. Olar Russiýanyň Ukrainadaky urşy üçin zerur bolan harby önümlerini öndürmäge kömek etmekde, Moskwany zerur önümler we hyzmatlar bilen üpjün etmekde güman edilýär.

ABŞ resmileri, öňki girizilen sanksiýalara garamazdan, Russiýanyň ösen ýarymgeçirijileri, optiki enjamlary we ösen ýarag ulgamlaryny öndürmek üçin zerur bolan harytlary tapmak, satyn almak mümkinçilikleriniň kesilmezliginden alada bildirdi.