ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi (CENTCOM) Hormuz bogazynyň golaýynda Eýranyň 16 sany mina goýujysynyň ýok edilendigini habar berdi.
“Amerikan güýçleri Hormuz bogazynyň golaýynda Eýranyň deňiz güýçleriniň birnäçe gämisini, şol sanda 16 sany mina goýujyny ýok etdiler” diýip, serkerdelik X sosial media platformasynda ýaýradylan beýanatda aýtdy.
CNN, ABŞ-nyň aňtaw gullugyna ýakyn çeşmelerine salgylanyp, Eýranyň Hormuz bogazynda mina goýup başlandygyny habar berdi. Olaryň sözlerine görä, bu häzirlikçe giň gerimli kampaniýa däl, şol bir wagtda soňky günlerde onlarça minanyň goýlandygy bellenýär.
CNN-iň maglumatyna görä, Eýranyň Yslam rewolýusiýasyny goraýjylar korpusy häzirki wagtda, Deňiz güýçleri bilen birlikde, bogazy netijeli gözegçilikde saklaýan mina goýujy gämilerden, partlaýjy madda ýüklenen gaýyklardan we kenarýaka raketa batareýalaryndan ybarat "koridory" döretmäge ukyply bolup durýar.