ABŞ-Hytaý emeli aň bäsleşiginde Gazagystan tarap saýlamak basyşyna duçar bolýar

Gazagystan 25-nji iýunda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Pax Silica” emeli aň başlangyjyna goşuldy. Birnäçe hepde geçenden soň, 16-njy iýulda Hytaý Astananyň hem goldawy bilen özüniň “WAICO” başlangyjyny ýola goýdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Hytaýyň her biri emeli aňyň geljegini kemala getirmegi maksat edinýän aýratyn başlangyçlary öňe sürýär. Gazagystan bolsa ahyrsoňy iki tarapyň birini saýlamaly bolup biler. ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky “Pax Silica” başlangyjyna hem, Hytaýyň “Bütindünýä emeli aň hyzmatdaşlyk guramasyna” (“WAICO”) hem goşulan ýeke-täk ýurt hökmünde Gazagystanyň köp ýyllardan bäri alyp barýan köpugurly daşary syýasaty täze basyş bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Waşington bilen Pekiniň tehnologik täsir ugrunda bäsleşigi güýçlendigiçe, bu deňagramlylygy saklamak has kynlaşýar.

Gazagystanyň adaty bolmadyk ýagdaýy Waşingtonyň ünsüni çekdi. ABŞ Hytaýyň emeli aň tehnologiýalaryna we olaryň üpjünçilik zynjyrlaryna edýän täsirini çäklendirmäge çalyşýar. “Reuters” geçen aý ABŞ hökümetiniň onlarça ýurda bäsdeş emeli aň başlangyçlarynyň arasynda birini saýlamalydygyny aýtmaga taýýarlanýandygyny habar berdi.

“Reuters” tarapyndan görülip geçirilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hatynyň taslamasynda Hytaýyň bäsdeş ulgamyna goşulan ýurtlaryň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýadan çykarylyp bilinjekdigi duýduryldy.

“Hemme zadyň bir bölegi bolmak hiç zadyň hem bir bölegi bolmazlykdyr” diýlip, hatyň taslamasynda aýdylýar. Şeýle hem onda “Pax Silica” gatnaşmagyň diňe agzalyk däl-de, belli bir borçnama hökmünde görülýändigi bellenilýär.

Habaryň çap edilen wagtynda bu hatyň taslamasy heniz iberilmändi. Şeýle hem Waşingtonyň Gazagystandan iki başlangyjyň birinden resmi taýdan çykmagyny talap edendigini görkezýän maglumat ýokdy.

Emma bu ýagdaý Gazagystan ýaly iki güýç bilen hem ykdysady we tehnologik gatnaşyklary saklamaga çalyşýan ýurtlar üçin meseläniň barha kynlaşýandygyny görkezýär.

Hytaý bolsa ýurtlaryň tarap saýlamaga mejbur edilmegine garşy çykýar. Hytaýyň Waşingtondaky ilçihanasy ABŞ-ny ýurtlary diňe bir başlangyjy saýlamaga höweslendirmegi bes etmäge we söwda hem-de tehnologiýa meselelerini syýasylaşdyrmazlyga çagyrdy.

Bu basyş emeli aňyň milli howpsuzlyk, senagat, energetika we infrastruktura bilen barha ýakyndan baglanyşykly bolýan döwründe ýüze çykýar.

Waşington tarapyndan 2025-nji ýylyň dekabrynda işe girizilen “Pax Silica” emeli aň ykdysadyýeti üçin zerur bolan möhüm minerallaryň, ýarymgeçirijileriň, energiýanyň, maglumat merkezleriniň we hasaplaýyş infrastrukturasynyň ygtybarly üpjünçilik zynjyrlaryny döretmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda bu başlangyja Ýewropa Bileleşigi, Ýaponiýa we Singapur ýaly ýurtlary hem goşmak bilen 25 tarap gol çekdi.

Gazagystan 25-nji iýunda beýannama gol çekip, bu başlangyja goşulan ilkinji Merkezi Aziýa döwleti boldy.

“WAICO” bolsa 16-njy iýulda Şanhaýda döredildi. Guramany döretmek baradaky ylalaşyga 29 ýurt gol çekdi. Agzalaryň arasynda Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Pakistan, Indoneziýa we Braziliýa bar.

Gurama emeli aňy dolandyrmak, standartlary işläp düzmek we tehnologiýany ösdürmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy ilerletmegi, şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky tehnologik tapawudy azaltmagy maksat edinýändigini aýdýar.

Seresaply deňagramlylyk syýasaty

Gazagystan üçin başlangyçlaryň her biri aýratyn mümkinçilikleri hödürleýär.

Waşingtonyň aýtmagyna görä, “Pax Silica” minerallardan we ýarymgeçirijilerden başlap önümçilige, energetika we emeli aň infrastrukturasyna çenli uzalyp gidýän ygtybarly üpjünçilik zynjyrlaryny döretmegi maksat edinýär.

Bu başlangyç Gazagystana ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky maýa goýumlaryna, tehnologiýalara we üpjünçilik zynjyry boýunça hyzmatdaşlyklara çykalga döredip biler. Ösen tehnologiýalar we emeli aň infrastrukturasyny gurmak üçin zerur bolan möhüm minerallaryň uly gorlaryna eýe bolan Gazagystan bu başlangyç üçin aýratyn ähmiýetli hyzmatdaşdyr.

“WAICO” bolsa Gazagystana Hytaý tarapyndan goldanylýan halkara emeli aň hyzmatdaşlyk ulgamynda rol oýnamaga mümkinçilik berýär. Pekin açyk agramly emeli aň modellerini öňdebaryjy ýapyk, hususy ulgamlary satyn almaga mümkinçiligi bolmadyk ýa-da olara elýeterliligi ýok ýurtlar üçin has elýeterli alternatiwa hökmünde öňe sürýär.

Gazagystan iki başlangyja hem gatnaşmagynyň özüniň has giň köpugurly daşary syýasatyna laýyk gelýändigini nygtaýar. Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Hytaýyň “Xinhua” habar agentligine ýakynda beren interwýusynda emeli aňyň adamzada hyzmat etmelidigini we ähli ýurtlaryň döwrebap tehnologiýalara adalatly elýeterliligi bolmalydygyny aýtdy.

Gazagystanyň WAICO-a gatnaşmagy barada gürrüň edip, Tokaýew: “Biziň çemeleşmelerimiz bu mesele boýunça Hytaýyň pozisiýasy bilen gabat gelýär” diýdi we bu ädimi emeli aň boýunça işleri utgaşdyrmak üçin “açyk we netijeli halkara ulgamyny” döretmäge tarap ädim hökmünde häsiýetlendirdi.

Şeýle deňagramlylyk syýasaty Gazagystana köp ýyllaryň dowamynda hyzmat edip geldi.

Tebigy baýlyklara baý ýurt Hytaý bilen ýakyn ykdysady gatnaşyklary saklamak bilen bir wagtda ABŞ we Ýewropa bilen gatnaşyklary hem ösdürdi. Astana energetika we magdançylyk pudaklaryna Günbatar maýa goýumlaryny çekmäge çalyşýar, şol bir wagtda bolsa goňşy Russiýa we Hytaý bilen çuň ykdysady hem-de syýasy gatnaşyklaryny dowam etdirýär.

Ygtybarly hyzmatdaşlar

Emma emeli aň Gazagystanyň iki arada hereket etmek mümkinçiligini çäklendirip biler.

Adaty söwdadan tapawutlylykda, emeli aň barha köp derejede strategik infrastruktura, ösen hasaplaýyş ulgamlary, maglumat merkezleri, ýarymgeçirijiler we harby maksatlarda hem ulanylyp bilinjek tehnologiýalar bilen baglanyşykly bolýar.

Waşington ABŞ-nyň emeli aň ekoulgamyna gatnaşýan ýurtlaryň diňe täjirçilik hyzmatdaşlary däl-de, ygtybarly hyzmatdaşlar bolmagyny isleýändigini görkezýär.

ABŞ-nyň bir resmisi “Reuters” agentligine şeýle diýdi: “Bir ýurduň bir tehnologik ekoulgamda özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezmäge çalyşyp, şol bir wagtyň özünde Hytaý tarapyndan emeli aňyň bäsdeş modelini öňe sürmek üçin döredilen başlangyja goşulmagyny ygtybarly ýagdaý hökmünde görmek kyn”.

Gazagystanyň möhüm mineral gorlary onuň täze döreýän emeli aň üpjünçilik zynjyryndaky ähmiýetini artdyrýar. Şeýle hem geografik ýerleşişi ony Merkezi Aziýada möhüm hyzmatdaş edýär.

Waşingtonda ýerleşýän “Second Floor Strategies” guramasynyň prezidenti, analitik Wilder Alehandro Sançez Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Meniň pikirimçe, Astana iki topara hem goşulmak bilen ýalňyşlyk etmedi. Emma Astana bir zady nädogry hasaplan ýaly görünýär: Waşingtonyň gyzyl çyzyk çekip, Gazagystana iki toparyň birini saýlamalydygyny aýtmagyna garaşmadyk bolmagy mümkin”.

Ol Astananyň Waşington bilen gepleşik geçirmäge çalşyp biljekdigini, şol bir wagtda ABŞ bilen Hytaýyň arasynda saýlaw etmek islemeýändigini açyk beýan etmelidigini aýtdy.

Häzirki wagtda Gazagystan şeýle saýlawy etmäge mejbur edilmedi. Emma barha güýçlenýän bu bäsleşik ýurduň däp bolan köpugurly syýasatynyň tehnologiýa pudagynda beýleki ugurlardakydan has agyr synagdan geçip biljekdigini görkezýär.

Astana üçin esasy mesele ahyrsoňy diňe haýsy ýurtlar bilen söwda edýändiginde däl, eýsem öz emeli aň infrastrukturasyny gurmak üçin haýsy tehnologik ekoulgama daýanýandygynda bolup biler.

Hudson institutynyň uly ylmy işgäri Ken Moriýasunyň pikiriçe, Gazagystanyň Waşington we Pekin bilen bir wagtda gatnaşyklary saklap bilmegi ABŞ üçin hem peýdaly bolup biler. Onuň aýtmagyna görä, Astananyň çeýe syýasaty Gazagystanyň ABŞ-nyň Ýewraziýadaky strategiýasy üçin ähmiýetli ýurt bolup galmagyna ýardam edýär.

Moriýasu “The Astana Times” neşirine “Gazagystanyň bu örän çeýe pozisiýasy ABŞ-nyň strategiýasy üçin örän peýdalydyr” diýdi.

Şeýle hem ol: “Gazagystany bu işde ygtybarly ýaran we hyzmatdaş hökmünde saklamak, ony “Pax Silica” meselesinde tarap saýlamaga mejbur etmekden has möhümdir” diýdi.

Farangiz Najibullah tarapyndan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Azatlyk Aziýa gullugynyň maglumatlarynyň esasynda taýýarlandy.