ABŞ “Lukoil” we “Rosneft” kompaniýalaryna garşy sanksiýa girizdi

Skot Bessent

Birleşen Ştatlar Donald Trampyň administrasiýasy döwründe Russiýa garşy girizlen sanksiýalary ilkinji gezek güýçlendirdi. Bu barada 22-nji oktýabr güni, agşamlyk habar berildi.

Sanksiýa sanawyna Russiýanyň esasy nebit kompaniýalary “Rosneft” we “Lukoil” girýär. Ggadaganlyklaryň “Rosneft” we “Lukoil” kompaniýalarynyň 50 çemesi golçur kärhanasyna hem täsir etmegine garaşylýar.

Bu kompaniýalara biraz öň, şu aýyň başynda Angliýa tarapyndan hem sanksiýa girizildi.

ABŞ-nyň gazna sekretary Skot Bessentiň beýanatynda aýdylmagyna görä, bu çäklendirmeler Russiýanyň Ukrainadaky "parahatçylyk prosesine çynlakaý ygrarlylygynyň bolmazlygy" sebäpli girizildi.

"Häzir adam öldürmegi goýmagyň we atyşygy haýal etmän kesmegiň tüýs wagty geldi. Prezident Putiniň bu manysyz urşy bes etmekden ýüz öwrendigi sebäpli, Gazna departamenti Russiýanyň Kremliň uruş maşynyny maliýeleşdirýän iki iri nebit kompaniýasyna garşy sanksiýa girizýär" diýip, Bessent aýtdy.

Sanksiýalaryň berkidiljekdigi bu barada aýdylmazyndan birnäçe sagat öň, 22-nji oktýabrda mälim boldy.