Eýranyň şäherlerinde we obalarynda protestçilere garşy görkezýän rehimsiz repressiýalarynyň arasynda Waşingtonyň ABŞ-nyň Eýrana garşy harby hereketleri meselesini ýene-de syýasy gün tertibine girizen ýaly.
Inflýasiýa we walýutanyň pese gaçmagy bilen başlanan we şondan bäri ýurduň häkimiýetlerine garşy giň gerimli proteste öwrülen demonstrasiýalaryň dowamynda Eýranyň hökümetiniň berk basyşlarynyň netijesinde 2400-den gowrak protestçiniň öldürilendigini we 18 000 adamyň tussag edilendigini adam hukuklaryny goraýjy toparlar habar berýärler.
Waşington we Tähran gepleşiklere açykdyklaryny görkezdiler. Emma ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp protestçilere garşy rehimsiz hereketler baradaky habarlar göz öňünde tutulanda, her niçigem bolsa çäre görülip bilinjekdigini aýtdy.
"Biz olar bilen duşuşyp bileris. Duşuşyk geçirilýär, ýöne duşuşykdan öň bolup geçýän wakalar sebäpli hereket etmeli bolmagymyz mümkin" diýip, Tramp 11-nji ýanwarda "Air Force One" teleýaýlymynda žurnalistlere aýtdy.
Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi 12-nji ýanwarda şeýle diýdi: "Eýran Yslam Respublikasy uruş gözlemeýär, ýöne urşa doly taýýar".
Degişli maglumat Tramp Eýran ölüm jezalaryny togtatdy diýýär, ýöne harby hereketleriň mümkindigini inkär etmeýärDiplomatiýa başa barmasa, Waşingtonyň nähili mümkinçilikleri bar?
Çäkli hüjümler
Gowy tarapy, simwoliki nyşanalara çäkli hüjümler ABŞ-nyň ýaragly güýçleri we asuda ilat üçin az howp döreder.
Şeýle hem, olar ABŞ-nyň sebitdäki we ondan daşardaky harby mümkinçiliklerine gabat gelýär we ABŞ-nyň Pars aýlagyndaky ýaranlary gatnaşmazdan, amala aşyrylyp bilnerdi.
"Bu iň howpsuz wariant. Esasy harby infrastrukturany ýok etmäge synanyşyklardan tapawutlylykda onuň negatiw netijeleri has az bolup biler" diýip, Londonyň Kings kollejiniň Goranmak boýunça ylmy işgäri Marina Miron 12-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Käbir analitikler bu wariantyň köp sanly kemçilikleriniň bardygyny, esasan hem režime watançylyk goldawyny toplamaga we ýurt boýunça demonstrasiýalary güýçlendirýän şikaýatlardan ünsi sowmaga mümkinçilik berýändigini, şol bir wagtyň özünde uly zyýan ýetirmeýändigini aýtdylar.
Şeýle hem, bu protestçiler üçin, Eýranyň howpsuzlyk güýçleri olary öldürip, tussag edýärkä, Waşingtonyň olary halas etmäge howlukmaýandygy barada alamat bolup biler.
Şeýle nyşanlara mysal hökmünde polisiýa, "Basiji" harby güýçleri ýa-da Yslam Rewolýusiýasynyň Sakçylary Korpusyna (IRGC) degişli binalar ýaly desgalary görkezmek bolar.
Dowamly kampaniýa
Yslam Rewolýusiýasynyň Sakçylary Korpusyna garşy has sazlaşykly hüjüm kampaniýasy has köp täsir edip biler, esasanam ol has öňe gidip, Eýranyň raketa desgalaryna, dolandyryş we gözegçilik edaralaryna we beýleki howpsuzlyk güýçlerine hüjümleri öz içine alan ýagdaýynda.
ABŞ-nyň deňiz güýçleriniň häzirki wagtda sebitde ýeterlik sanda we kuwwatynda bolmazlygy meseledir. Iň golaýdaky uçar gämisi "USS Abraham Linkoln" häzirki wagtda Günorta Hytaý deňzinde ýerleşýär we ol ýerde janly ok atyşyk türgenleşiklerini geçirýär. Bu Pars aýlagyndan birnäçe günlük ýol.
ABŞ güýçleriniň sebitde, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri we Katar ýaly ýurtlarda harby bazalary bar. Emma bu ýurtlaryň Waşingtondan harby hereket etmezligini haýyş edendigi habar berilýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Scores Of Bodies Outside Morgue In Tehran Amid Deadly Iran Protests
Bu ýurtlar Eýranyň jogap berip biljek hüjüminden seresap bolýarlar. Iýun aýynda Ysraýyl bilen Birleşen Ştatlaryň Eýranyň ýadro programmasyny nyşana alan 12 günlük urşunda Eýranyň Katardaky howa bazasyna eden raketa hüjümi köpçülikde sarsgyn döretdi.
Bu hüjüm esasan simwoliki boldy, ýöne Eýran ABŞ täze hüjüm etse öç almak bilen haýbat atdy we bu gezek has düýpli bolup biljegini aýtdy. Bu ABŞ-nyň Pars aýlagyndaky ýaranlarynyň Ormuz bogazyndan geçýän ýangyç eksportyny togtadyp biler. Ysraýyla hem hüjüm edilip bilner, bu bolsa giň sebitleýin çaknyşyk howpuny döredýär.
Ýörite Güýçler, Öldürme
Wenesuelanyň agdarylan lideri Nikolas Madurodan soň, Eýranyň Ýokary Lideri Ali Hameneýi ABŞ-nyň ýörite güýçleri tarapyndan tussag edilmek üçin indiki bolup bilermi? diýen sowal orta atylýar.
Şeýle operasiýanyň bolmagy mümkin däl ýaly. Media habarlaryna görä, ABŞ-nyň güýçleri Wenesuelanyň töweregine has köp jemlenipdi we olara režimiň içindäki aňtaw çeşmeleri hem kömek edipdir.
Başga bir senariý, öldürmek, režimiň başyny kesmek we Eýranyň içinde häkimiýet ugrundaky göreşi başlatmak bolup biler. Bu hem düýpli aňtaw maglumatlaryna bagly bolar.
Analitik Miron "iň logiki wariantyň" "ýerdäki aňtaw maglumatlaryny birleşdirmek, oppozisiýany ýaraglandyrmak... iň bolmanda islendik uly şäheri öz gözegçiligine almaga synanyşmak we soňra ol ýerden ýaýbaňlanmak" bolup biljekdigini aýtdy.
Şeýle çemeleşmäniň esasy kemçiligi, hatda amaly taýdan mümkin bolsa-da, netijäni öňünden çaklap bolmajagy we has uly betbagtçylyga hem-de gan dökülmegine getirip biljekdigidir. Emma käbir synçylar täze režimiň, hatda Yslam Rewolýusiýasynyň Sakçylary Korpusynyň ýolbaşçylygyndaky režimiň hem Waşington bilen işleşmek isleýändigine ynanýarlar.
“Meniň pikirimçe, bu mümkin” diýip, Pentagonyň öňki resmisi we Waşingtonda ýerleşýän Amerikan işewürlik institutynyň uly ylmy işgäri we Maýkl Rubin 6-njy ýanwarda Farda Radiosyna aýtdy.
Blokadalar, kiberhüjümler, ses ýaraglary
Trampyň mümkinçilikleriniň arasynda başga-da çäreler bar.
“Harby däl mümkinçilikleriň hem göz öňünde tutulmagy mümkin. Bularyň arasynda Eýranyň Hytaýa nebit eksportynyň öňüni almak üçin doly ykdysady blokada ýa-da Eýranyň howpsuzlyk edaralarynyň aragatnaşyk we karar kabul ediş ulgamlaryna päsgel berýän kiberhüjümler bolup biler” diýip, Halkara Krizis Toparynyň Eýran taslamasynyň direktory Ali Waez Farda radiosyna aýtdy.
Kiberhüjümler öň hem bolupdy.
2021-nji ýylda Eýranyň ýangyç guýujy stansiýalary kiberhüjüme sezewar edilipdi. Eýran subutnama bermezden, munuň üçin ABŞ-ny we Ysraýyly günäkärledi. Şondan bäri hem şeýle hüjümler boldy.
Ýöne bu habar garaşsyz ýa-da resmi taýdan tassyklanmady.