ABŞ-nyň federal häkimiýetleri Illinoýs ştatynda günäli tapylan türkmeniň boşadylmagyny tankytlaýar

ABŞ-nyň Içeri howpsuzlyk departamenti Illinoýs ştatynda, ICE talabyna garaman boşadylan türkmen raýatyny gözleýär

ABŞ-nyň Içeri howpsuzlyk departamenti (DHS) Illinoýs häkimiýetlerini ölüm howply ýarag bilen hüjüm etmekde aýyplanan we günäli tapylan türkmen raýaty Şageldi Başimowy tussaglykdan boşatmakda aýyplady.

Amerikan edarasynyň tassyklamagyna görä, ştat häkimiýetleri federal immigrasiýa gullugynyň (ICE) bu erkegi federal guramalara geçirilýänçä tussaglykda saklamak baradaky haýyşyny äsgermezlik edipdir.

DHS, Içeri howpsuzlyk departamenti bu beýanaty 10-njy noýabrda çap eden habarynda etdi.

Edaranyň maglumatyna görä, ICE 28-nji maýda Illinoýs häkimiýetlerine ((immigration detainer) ýazmaça talap iberip, Başimow boşadylmazyndan öň agentligiň habarly edilmegini we soňra, immigrasiýa edaralaryna geçirmek üçin, onuň tussaglykda saklanmagyny sorady.

DHS Başimowyň Çikagoda ölüm howply ýarag bilen agyr hüjüm etmekde günäli tapylyp, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini öňe sürýär.

Emma muňa garamazdan, departament ştat häkimiý etleriniň ICE talabyny ýerine ýetirmändigini we ony federal häkimiýetlere habar bermezden boşadandygyny öňe sürýär. Bu erkek häzir azatlykda gezip ýör.

DHS-iň beýanatynda aýdylmagyna görä, Başimow Birleşen Ştatlara 2024-nji ýylyň martynda, kanuny esasda giripdir, ýöne soň, rugsat berlen möhleti geçeninden soň hem bu ýurtda galmagyny dowam etdiripdir.

Içeri howpsuzlyk departamentiniň sekretary Markueýn Mullin Illinoýs häkimiýetleriniň eden hereketlerini tankytlady. Ol kazyýet tarapyndan günäli tapylan jenaýatçynyň, federal häkimiýetlere tabşyrylman, azatlyga goýberilmegini jogapkärçiliksizlik diýip atlandyrdy we ştaty, şeýle hem ABŞ-nyň beýleki ýurisdiksiýalaryny ICE bilen hyzmatdaşlygy çäklendirmek tejribesini gaýtadan gözden geçirmäge çagyrdy.

DHS-iň beýanatynda Illinoýs ştatyndaky bikanun immigrantlar bilen baglanyşykly beýleki jenaýatlary hem sanalyp geçildi. Olaryň arasynda awgust aýynda, sekiz sany Molotow kokteýliniň tapylmagy bilen baglanyşykly, Iordan raýatynyň tussag edilmegi, şeýle-de, dokuz ýaşly gyzyň ogurlanmagy we jynsy taýdan zorlanmagy, Çikagoda bir studentiň öldürilmegi hem bar.

Illinoýs ştaty, ýerli kanun goraýjy edaralaryň federal immigrasiýa kanunlaryny ýerine ýetirmekdäki roluny çäklendirýän we "gaçybatalga şäherleri" diýlip atlandyrylýan syýasata eýerýän ştat hasaplanýar.

Ştatda 2017-nji ýylda kabul edilen we soňra üýtgedilen YNAM Akty hereket edýär. Ol polisiýa we beýleki ýerli hukuk goraýjy edaralara adamy diňe ICE (immigration detainer) talaby ýa-da administratiw immigrasiýa buýrugy esasynda tussag etmegi ýa-da diňe şol esasda tussag etmegi dowam etdirmegi gadagan edýär. Bu hili talaplar kazyýet orderleri, buýruk bolup bilmeýär.

Tramp administrasiýasy ştatlary we şäherleri federal immigrasiýa gözegçiligi bilen hyzmatdaşlygy çäklendirýändikleri üçin birnäçe gezek tankyt etdi.

DHS bu hili syýasatyň kanuny bozan migrantlary saklamagy we deportasiýa etmegi has kynlaşdyrýandygyny öňe sürýär.

Şol bir wagtda, DHS-niň çap eden beýanatynda Illinoýs ştatynyň Başimowy tussaglykdan boşadan edarasynyň anyk ady aýdylmady, onuň boşadylan senesi görkezilmedi we işiň ýagdaýlaryny tassyklaýan kazyýet resminamalary goşulmady.

Şeýle-de, bu edaranyň beýan eden ýagdaýlarynyň garaşsyz tassyklanmasy köpçülige elýeterli neşirlerde peýda bolmady.