ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin günbatar ýaranlarynyň arasynda, hususan-da Ukrainanyň esasy harby we maliýe goldawçysy bolan Birleşen Ştatlarda duýulýan "uruş argynlygy" aladalary sebäpli, Ukraina berilýän goldawy nygtamak üçin Kiýewe geldi.
Ostin ozal twitter ady bilen tanalan X-de "Men ukrain liderleri bilen duşuşmak üçin ýaňyja Kiýewe geldim" diýip ýazdy.
"Men bu gün möhüm bir habary ýetirmek üçin geldim - Amerikanyň Birleşen Ştatlary häzir we geljekde, Russiýanyň agressiýasyna garşy azatlyk ugrunda alyp barýan göreşine goldaw bermek üçin, Ukrainanyň ýanynda durmagyny dowam etdirer" diýip, Ostin aýtdy.
X ulgamynda paýlaşylan fotosurat onuň Kiýewdäki demirýol platformasynda ABŞ-nyň Ukrainadaky ilçisi Bridget Brink bilen görşüşini görkezýär.
Bu Polşadan Kiýewe otly bilen gelen Ostiniň Ukraina edýän ikinji sapary bolup durýar.
Waşington Russiýa geçen ýylyň fewral aýynda sebäpsiz goşun süreli bäri Ukraina onlarça milliard dollarlyk harby kömek we beýleki ýardamlary berdi.
ABŞ hökümeti Kiýew bilen näçe wagt gerek bolsa, şonça hem uzak bile boljakdygyny ençeme gezek gaýtalady. Emma muňa garamazdan, Kongresdäki respublikanlaryň käbiriniň görkezýän berk garşylygy sebäpli Waşingtonyň berýän dowamly kömegi barada edilýän aladalar ýokarlandy.
Ukraina üçin berilmeli goşmaça maliýe kömegi Kongresiň ABŞ hökümetiniň işiniň togtadylmagynyň öňüni almak üçin geçen hepde tassyklan wagtlaýyn kanun taslamasyndan aýryldy.
Ostin "ukrain liderleri bilen duşuşar we ABŞ-nyň Ukrainanyň azatlyk ugrundaky göreşine berýän aýgytly goldawyny nygtar" diýip, Pentagonyň beýanatynda aýdylýar. Şeýle-de, Ostiniň Ukrainanyň ýolbaşçylary bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçirjekdigi habar berilýär.
"Ara alyp maslahatlaşmalar ABŞ bilen Ukrainanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň gyş üçin we öz ýurtlaryny geljekdäki rus howplaryndan gorap bilmekleri üçin gerek bolan zerurlyklaryny üpjün etmäge gönükdiriler" diýip, Pentagon aýtdy.
"Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlaryň Ukrainany özüni rus agressiýasyndan goramak üçin zerur bolan howpsuzlyk kömegi bilen dowamly üpjün etmek babatyndaky ygrarlylygyny nygtar we Ukrainanyň geljekdäki goşunlarynyň uzak möhletleýin durumy barada pikir alşar” diýip, beýanatda aýdylýar.
Ostiniň Kiýewe edýän sapary Ukrainanyň Goranmak aragatnaşyk toparynyň şu hepdäniň aýagynda geçiriljek duşuşygynyň öň ýanyndan guraldy. Ukrain goragçylarynyň Russiýa garşy alyp barýan söweşinde Kiýewe goldaw berýän 50 töweregi ýurtdan durýan topar Ramşteýn forumy diýlip hem atlandyrylýar.
Ukrain goşuny öz güýçleriniň derýanyň gündogar tarapyndaky pozisiýalaryny berkitmäge çalyşýan bölümleriniň rus güýçlerini Dnieper derýasynyň kenaryndan takmynan 3-8 km uzaga kowandygyny aýtdy.
“Duşman sag kenary artilleriýa okuna tutmagyny şindi hem dowam etdirýär. Biziň entek etmeli işimiz köp” diýip, harbylaryň metbugat sekretary Natalýa Humenýuk 19-njy noýabrda döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda aýtdy.
Şeýle-de, öz hasaplamalaryna esaslanyp, Humenýuk rus goşunynyň "on müňlerçe" esgeriniň ukrain ilerlemesine garşy durýandygyny öňe sürdi.
Ukrainanyň baş ştabynyň 19-njy noýabrdaky gündelik hasabatynda aýdylmagyna görä, Donetsk sebitiniň Bahmut we Awdiýewka şäherleriniň golaýynda gazaply söweşler barýar, ukrain güýçleri geçen 24 sagatda 71 söweş çaknyşygyna gatnaşdy.
Mundan başga, harbylar rus artilleriýasynyň ilatly ýerleriň 150 sanysyny nyşana alandygyny habar berdiler.
"Hususy ýaşaýyş jaýlary we beýleki raýat infrastrukturasy ýykylyp-ýumruldy ýa-da zyýan gördi” diýip, baş ştabyň 19-njy noýabrdaky beýanatynda aýdylýar.
Köp sanly subutnama garamazdan, Russiýa Ukrainanyň parahat ilatyny nyşana alýandygyny ret edýär.
Berilýän maglumata görä, ruslaryň Herson şäherine 18-nji noýabrdan 19-njy noýabra geçilen gije atan toplary netijesinde parahat ilatdan iki adam ýaralandy, 3 ýaşly gyz bolsa, ýere gömlen minadan ýaralanyp, hassahana ýerleşdirildi.