ABŞ-nyň harby uçary ýykyldy, Yrakda fransuz esgeri öldürildi

ABŞ-nyň KC-135 ýangyç guýujy uçary

ABŞ-nyň ägirt uly ýangyç guýujy uçary Yrakda, howada bolan uçar galtaşmasyndan soň ýere gaçdy, Eýrana garşy iki hepde bäri dowam edýän ABŞ-Ysraýyl urşunyň sebit serhetlerine ýaýramagy bilen, ýurduň Kürdistan sebitinde fransuz esgeri öldürildi.

Ýakyn Gündogardaky amerikan güýçlerine jogapkär bolan ABŞ Merkezi serkerdeligi 12-nji mart güni giçlik KC-135 ýangyç guýujy uçarynyň Yragyň günbatarynda heläkçilige uçrandygyny, ABŞ harbylarynyň uly halas ediş operasiýasyna başlandygyny aýtdy.

Beýanatda heläkçiligiň duşmançylykly ýa-da dostlukly tarapyň ot açmasynyň netijesi däldigi, başga bir ýangyç guýýan uçar sebäpli bolandygy aýdylýar. Resmileriň aýtmagyna görä, ikinji uçar Ysraýyla howpsuz gondy.

“Waka dostlukly howa giňişliginde, “Epiki gazap” operasiýasy mahalynda boldy” diýip, Merkezi serkerdelik ABŞ-nyň Eýrana garşy operasiýasynyň harby adyny ulanyp aýtdy.

ABŞ resmisiniň “Roýters” agentligine anonimlik şertinde aýtmagyna görä, heläkçilige uçran KC-135 uçarynyň bortunda alty sany harby gullukçy bolup, olaryň ykbaly 13-nji mart güni irden belli bolman galdy.

ABŞ-nyň harby resmileri 2-nji martda, Kuweýtiň howa goragynyň ýalňyşyp ot açmagy netijesinde, üç sany F-15 söweş uçarynyň Kuweýtde heläkçilige uçrandygyny aýtdylar.

Merkezi serkerdeligiň maglumatyna görä, urlan üç F-15 uçarynyň ekipažynyň alty agzasynyň ählisi, halas edijiler gelmezinden öň, ýere paraşýut bilen düşüpdir.