ABŞ-nyň kazyýeti howpsuzlyk aladalary sebäpli owgan raýatlarynyň deportasiýasyny wagtlaýyn togtatdy

Owganystana deportasiýa edilmegine garaşýan owgan bosgunlary 2025-nji ýylyň aprelinde Torkhamdaky Pakistan–Owganystan serhediniň golaýynda ýerleşýän Landi Kotalda hasaba alyş merkeziniň öňünde garaşýarlar.

ABŞ-dan onlarça owgan raýatyny deportasiýa etmek baradaky habar berilýän meýilnama Nýu-Ýorkdaky federal kazy tarapyndan wagtlaýyn togtadyldy. Bu karar ABŞ-nyň birnäçe kanun çykaryjysynyň we hukuk goraýjy toparlaryň olary watanyna ýa-da goňşy Pakistana ibermegiň janyna howp salyp biljekdigi baradaky duýduryşyndan soň çykaryldy.

ABŞ-nyň Nýu-Ýorkuň Günorta etraby boýunça federal sudynyň kazysy Waleri Kaproni owgan raýatlaryny Owganystana ýa-da Pakistana deportasiýa etmek baradaky islendik meýilnamanyň 7-nji noýabra çenli ýerine ýetirilip bilinmejekdigi barada karar çykardy.

ABŞ-nyň Immigrasiýa we gümrük gözegçiligi gullugynyň (ICE) direktorynyň kömekçisiniň orunbasary Kristofer Jorj şu hepde şeýle çäreleri geçirmek üçin «meýilleşdirilen ýa-da tassyklanan çarter ýa-da adaty ýolagçy gatnawlarynyň ýokdugyny» aýtdy. Emma ol geljekde amala aşyrylyp bilinjek meýilnamalar barada goşmaça maglumat bermedi.

Birnäçe habar serişdesi çeşmelere salgylanyp, ABŞ häkimiýetleriniň 150 owgany Luizianadan uçuş bilen Pakistana, soňra bolsa Owganystana deportasiýa etmäge taýýarlanýandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Talyban bilen resmi diplomatik gatnaşyklarynyň ýokdugy sebäpli, ol saklanýan adamlaryň göni Owganystana deportasiýasyny gurap bilmeýär. Şonuň üçin olar Pakistana iberiler, Pakistan bolsa soň olary watanyna gaýtaryp berer.

Pakistan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň e-poçta we telefon arkaly düşündiriş sorap eden birnäçe ýüz tutmasyna jogap bermedi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti owganlaryň deportasiýasyny tassyklamady. Departamentiň metbugat wekili 2-nji noýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren beýanatynda: «Ähli ýurtlaryň öz serhetlerini we immigrasiýa işlerini raýatlarynyň howpsuzlygyny, goraglylygyny hem-de abadançylygyny üpjün edýän görnüşde dolandyryp bilmelidigi baradaky garaýşymyzy tassyklaýarys» diýdi.

Owganystanda häkimiýet başyndaky Talyban bu habarlara seslenip, ABŞ hökümetiniň «jogapkärçilikli hereket etmelidigini» aýtdy.

Talybanyň ýolbaşçylygyndaky Daşary işler ministrligi 2-nji noýabrdaky beýanatynda ABŞ-ny deportasiýa howpy abanýan owganlaryň «hukuklaryna we kanuny isleg-arzuwlaryna» hormat goýmaga çagyrdy. Ministrlik Kabul häkimiýetleriniň iki tarapyň hem «häzirki ýagdaýyny we esasly aladalaryny» göz öňünde tutup, Waşington bilen «netijeli gepleşik geçirmäge» taýýardygyny aýtdy.

Bu ýagdaý dünýäniň dürli ýurtlarynyň häkimiýetleriniň öz ýurduny terk eden owganlary yzyna gaýtarmak üçin tagallalaryny güýçlendirýän wagtyna gabat gelýär. Yslamabadyň deportasiýa syýasatyny yglan eden ýyly bolan 2023-nji ýylyň oktýabryndan bäri diňe Pakistanyň özünden 2,5 milliondan gowrak owgan deportasiýa edildi.

Kaliforniýadan demokrat kongresmen Skott Piters 2-nji noýabrda ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio we içerki howpsuzlyk ministri Markweýn Malline ýollan hatynda deportasiýa ediljekdigi habar berilýän owganlara abanýan howplar, şol sanda «yzarlanmak, gynamalar ýa-da hatda ölüm» barada alada bildirdi.

Wekiller palatasynyň we Senatyň ýene 65 agzasynyň gol çeken hatynda owganlaryň «şu wagta çenli bir gezekde amala aşyrylan iň uly köpçülikleýin ýurtdan çykarylyşlarynyň biri» baradaky habarlar «alada dörediji» diýlip häsiýetlendirildi. Hatyň awtorlary ýokary wezipeli resmileri «owganlary ýa-da eýranlylary göni ýa-da başga islendik ýurduň üsti bilen deportasiýa etmek üçin niýetlenen ähli uçuşlary» ýatyrmaga çagyrdylar.

Awgust aýynda habar serişdeleri ABŞ-nyň immigrasiýa resmileriniň 2025-nji ýylda eýranlylary deportasiýa etmek üçin Eýran bilen işleşendigini habar berdiler. Ondan öň “Reuters” gullugy resmi çeşmelere salgylanyp, Trampyň administrasiýasynyň birnäçe eýranlyny we beýleki migrantlary Merkezi Afrika Respublikasyna deportasiýa etmegi meýilleşdirýändigini ýazypdy.

Immigrantlaryň hukuklaryny goraýan guramalar hem Owganystana deportasiýa edilýänleriň janyna abanýan howplar barada alada bildirdiler. Olaryň aýtmagyna görä, deportasiýa edilmegi göz öňünde tutulýanlaryň arasynda ABŞ-nyň goşunlary 2021-nji ýylda ýurtdan çykarylmazyndan öň olara kömek eden adamlaryň garyndaşlary hem bar.

Kaliforniýada ýerleşýän “AfghanEvac” jemgyýetçilik guramasy ABŞ hökümetiniň 150-den gowrak owgany Luizianadan çarter uçuşy bilen, habarlara görä, «hatda 2-nji noýabrda» deportasiýa etmäge taýýarlanýandygyny duýdurypdy.

Guramanyň prezidenti Şon WanDaýwer arasynda iki zenanyň hem boljak owganlary alyp gitjek uçaryň Yslamabada gonjakdygyny aýtdy. Şeýle hem ol «bu mesele boýunça Waşington bilen Yslamabadyň arasynda nähili ylalaşyga gelnendigini bilmeýändigini» belledi.

ABŞ-da ýerleşýän, ynsanperwer kömegi we bosgunlaryň hukuklaryny goldaýan “Refugees International” (RI) guramasy «bu we geljekki uçuşlary» togtatmaga çagyrdy. Gurama bu immigrantlaryň Talyban tarapyndan «ýörite nyşana alnyp yzarlanmak» howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy.

RI-niň direktory Ýael Şaher 1-nji noýabrdaky beýanatynda «Pakistan bilen baglaşylan ylalaşyk barada jikme-jik maglumatymyz ýok» diýse-de, «uçaryň adamlary Owganystana köpçülikleýin we mejbury gaýtaryp gelen ýurda gonjakdygynyň» bellidigini nygtady.

“The New York Times” gazeti 30-njy oktýabrda ABŞ-nyň üç resmisine salgylanyp, owgan immigrantlarynyň häzirki wagtda Luizianada saklanýandygyny habar berdi. “AP” gullugy hem kazyýet resminamalaryna salgylanýandygyny aýdyp, şuňa meňzeş habarlary çap etdi.

Talyban, görnüşinden, Pakistany göz öňünde tutup, öz beýanatynda «üçünji ýurtlaryň wagtlaýyn we çäkli eglişikleri gazanmak ýa-da başga bähbitler üçin başga bir ýurduň raýatlarynyň ykbaly barada söwdalaşmaly däldigini» aýtdy.

Pakistan giň gerimli deportasiýa çäreleriniň çäginde 2023-nji ýylyň sentýabryndan bäri takmynan 2,5 million owgany uruşdan ejir çeken ýurduna yzyna iberdi.

2021-nji ýylyň awgustynda Talyban Kabuly ele geçirenden soň, on müňlerçe owgan ýurdy terk etdi. Olaryň müňlerçesi üçünji ýurtlara göçürilmegine garaşyp, henizem Pakistanda ýaşaýar.

Olaryň köpüsi Talybanyň ar almagyndan gorkup Owganystandan gaçan bolsa, beýlekiler raýat azatlyklarynyň çäklendirilmeginden, şol sanda bilim almaga, aýdym-saza we pikirini erkin beýan etmäge girizilen gadaganlyklardan gaçdylar. Owganystan adam hukuklarynyň, aýratyn-da zenanlaryň hukuklarynyň bozulmagy boýunça dünýäniň iň ýaramaz ýurtlarynyň hatarynda ýygy-ýygydan görkezilýär.

Birleşen Milletler Guramasy Talybanyň Owganystanda gyzlaryň bilim almagyna girizen gadaganlygynyň «ýitirilen nesli» döredýändigini ençeme gezek duýdurdy.

BMG-niň iýun aýynda Howpsuzlyk geňeşine hödürlän maglumatlaryna görä, ýurtda 7-18 ýaş aralygyndaky takmynan 3,8 million owgan gyzy mekdebe gatnamaýardy.