ABŞ-nyň öňki döwlet sekretary Henry Kissinjer 100 ýaşynda ýogaldy

Henry Kissinjer. 2015 ý.

ABŞ-nyň ozalky döwlet sekretary Henry Kissinjer 29-njy noýabrda aradan çykdy. Ol 100 ýaşyndady.

Kissinjeriň ABŞ-nyň prezidentleri Riçard Nikson we Gerald Ford döwürlerinde dünýäniň global gatnaşyklarynda uly täsiri bolupdy.

Ol häkimiýetdäki wezipesinden çekileninden hem soň, näresmi ýagdaýda Waşingtonda özüniň täsirini saklady.

Kissinjer Germaniýada doglupdy. 1938-nji ýylda, 15 ýaşynda wagty ol maşgalasy bilen ABŞ emigrasiýa gidýär. Harby gullukdan soň, ol Garward uniwersitetini tamamlady, halkara gatnaşyklar pudagynda barlaglary geçirdi, ençeme kitaby ýazdy.

1973-nji ýylda oňa Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy berildi.