ABŞ-nyň Russiýa duýduryşynda Krokus konsert zalynyň adynyň agzalandygy habar berilýär

30-njy martda daşary ýurt ilçileri Moskwanyň “Krokus siti holl” konsert zalynda bolan hüjümiň pidalarynyň ýadygärliginde gül goýdular.

ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň 22-nji martda bolup geçen ganly terrorçylykly hüjümden iki hepde öň Moskwa eden duýduryşy, nyşana alnan “Krokus siti holl” konsert zaly baradaky aýratyn salgylanmany öz içine aldy diýip, “The Washington Post” gazeti 2-nji aprelde habar berdi.

Soňra “The New York Times” tarapyndan hem tassyklanan habara görä, ABŞ-nyň resmileri Moskwa “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň hüjüm meýilleşdirýändigini we “Krokus siti holl” konsert zalynyň potensial nyşana bolup biljekdigini aýdypdyrlar.

Duýduryşda hüjümiň wagty barada takyk maglumat ýokdy, ýöne onuň birnäçe günüň içinde bolup biljekdigi aýdyldy diýip, ABŞ-nyň aňtaw çeşmeleri iki gazete beren maglumatynda aýtdylar.

22-nji martda dört ýaragly adam, konsertiň başlamagynyň öň ýanynda, Moskwanyň etegindäki konsert zalyna hüjüm edip, 144 adamy öldürdi.

Terror topary diýlip kesgitlenen “Yslam döwleti” hüjümiň jogapkärçiligini gysga wagtda öz üstüne aldy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we beýleki rus resmileri hem-de kommentatorlar, hiç hili subutnama görkezmezden, bu hüjümde Ukrainanyň rol oýnap biljekdigini öňe sürdüler.

Ukrain resmileri hüjüme hiç hili gatnaşyklarynyň ýokdugyny aýdyp, Moskwany pajygaly wakany Ukraina garşy söweşini güýçlendirmek üçin ulanmakda aýypladylar.