ABŞ-nyň Wekiller Öýi TikTok-y gadagan edip biljek taslamany oňlady

Pekindäki Kommunistik partiýanyň TikTok-yň üsti bilen gözegçiligi ýola goýup biljekdigi boýunça howatyrlar bar.

13-nji martda ABŞ-nyň Wekiller Öýi, TikTok sosial ulgamy özüniň Hytaýdaky baş kärhanasy bilen baglaryny gowşatmasa, ony Birleşen Ştatlaryň çäginde gadagan etmek baradaky taslamany sesleriň köplügi bilen oňlady.

Bu kanunçylyk wideo paýlaşylýan bu tilsim üçin uly yzagaýdyş bolar. Dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan bu sosial toruň Hytaýyň doly eýeçiliginde bolmagy, şeýle-de Pekindäki Kommunistik partiýanyň munuň üsti bilen gözegçiligi ýola goýup biljekdigi boýunça howatyrlar hem bar.

Kanunçykaryjylaryň 352-si bu taslamany goldap ses berdi, 65-si hem garşy çykdy. Bu syýasy taýdan bölünen Waşington üçin, özara ylalaşyga gelnen seýrek birlik pursady boldy.