ABŞ-nyň Wekiller palatasy Moskwa garşy sanksiýa taslamasyny kabul edeninden soň, Russiýa Ukraina täze zarbalary urdy

Russiýanyň Kiýewiň Dniprowskýi etrabyna 17-nji sentýabrda uran zarbasynyň netijeleri.

ABŞ-nyň Kongresi sanksiýalar toplumyny kabul edeninden birnäçe sagat soň, Russiýa 17-nji sentýabrda Kiýewe, Odesa we Ukrainanyň beýleki şäherlerine raketa we dron hüjümlerini gaýtadan amala aşyrdy. Taslamanyň tarapdarlary bu çäreleriň Moskwa we onuň Ukraina garşy urşuny maliýeleşdirmäge kömek edýän ýurtlara basyşy güýçlendirjekdigini aýdýarlar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň "Lindsi O. Gremiň Russiýa we Eýrana sanksiýalary girizmek hakyndaky 2026-njy ýylky kanuny" atly taslamany Russiýanyň Ukraina nobatdaky ballistik raketa we dron hüjüminiň dowam edýän mahaly kabul etmegini "simwoliki" diýip häsiýetlendirdi.

Onuň sözlerine görä, Russiýanyň zarbalary sekiz sebitde raýat we energetika infrastrukturasyna degip, Kiýewde we Odesada ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetirdi. Çagalar hem şol sanda, 10-dan gowrak adam ýaralandy.

"Lindsi Gremiň kanun taslamasy, hyzmatdaşlarymyzyň bu urşuň çeşmesine — Russiýa garşy girizýän beýleki berk sanksiýalary bilen birlikde, bu terrorçylykly urşy togtadyp, Russiýany parahatçylyga razylaşmaga mejbur edip biljek örän kuwwatly guraldyr" diýip, Zelenski X platformasynda ýazdy.

Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha Russiýa garşy sanksiýalar baradaky kanun taslamasynyň kabul edilmegini goldap, muny Moskwanyň Ukraina dowam etdirýän hüjümlerine güýçli jogap diýip atlandyrdy.

Sybiha goşmaça sanksiýalary, şol sanda doly embargony girizmäge, Russiýanyň "kölege floty" diýilýän gämilerine çäklendirmeleri we onuň harby-senagat toplumyna garşy petikleýji sanksiýalary ulanmaga çagyrdy.

"Biz Putini bu urşy dowam etdirmek üçin zerur serişdelerden mahrum edip, ony saklap bileris" diýip, Sybiha X platformasynda ýazdy.

Kiýewiň häkimi Witali Kliçko paýtagtda çagalar hem şol sanda, 18 adamyň ýaralanandygyny aýtdy. Gaýtadan edilen dron hüjümi bolsa bir edara binasynda ýangyna sebäp boldy.

Sebit häkimiýetleriniň maglumatyna görä, Russiýanyň gije Odesa uran zarbasynda iki çaga hem şol sanda, alty adam ýaralandy. Köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna, bir hususy ýaşaýyş jaýyna we infrastruktura zeper ýetdi.

Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky Zaporižžýa hem Russiýanyň raketa hüjümine sezewar boldy. Sebit häkimiýetleriniň maglumatyna görä, üç adam ýaralandy, senagat desgalaryna zeper ýetdi.

Şol bir wagtda, rus resmileri Ukrainanyň dron hüjüminiň Russiýanyň Ýaroslawl şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawoda zeper ýetirendigini habar berdiler.

Russiýanyň Krasnodar sebitiniň häkimiýetleri dron galyndylarynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodda ýangyna sebäp bolandygyny, ýöne onuň tiz söndürilendigini aýtdylar. Ýaralananlar barada habar berilmedi.

Moskwanyň takmynan 250 kilometr demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän nebiti gaýtadan işleýän zawod ozal hem ukrain dronlarynyň nyşanasyna alnypdy. Awgustdaky hüjümden soň, zawod çig nebiti distillirleýän üç desgasynyň ikisiniň işini togtadypdy.

Zelenski Ýaroslawldaky nebiti gaýtadan işleýän zawoda edilen hüjümi tassyklady. Şeýle-de, ol Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň Russiýanyň günortasynda, ukrain serhediniň golaýyndaky Rostowda ýerleşýän harby aerodroma zarba urup, üç uçara we üç dikuçara zeper ýetirendigini aýtdy.

Russiýadaky we Ukrainadaky energetika desgalaryny nyşana alan bu hüjümler ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň 14-nji sentýabrda iki ýurduň energetika desgalaryna zarba urmazlyk barada ylalaşandygyny yglan etmeginden soň boldy. Emma taraplaryň hiç biri-de şeýle ylalaşygy tassyklamady.

Tramp mundan öň hem Zelenskini Russiýanyň dizel ýangyjy bilen bagly infrastrukturasyny nyşana almagy bes etmäge çagyrypdy. Ol bu hüjümleri "dünýä zyýan ýetirýän" dizel gytçylygynyň döremeginde günäkärläpdi.