ABŞ protestçilere rehimsiz basyşlarda ölenleriň sanynyň artmagy bilen Eýranyň režimini günäkärleýär

19-njy ýanwarda Tähranda bolan protestler wagtynda ýanan binanyň golaýynda ulaglar geçýär.

Birleşen Ştatlar Eýranda geçýän soňky protestleriň Tähranyň aýdyşy ýaly daşary ýurtlaryň täsirinden däl-de, režimiň "ýalňyş dolandyryşynyň" netijesinde dörändigini aýdýar, soňky ýyllarda yslam respublikasyna iň uly howp salan bu zorlukly basyşlarda ölenleriň sany artýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň pars dilindäki resmi sosial media platformasy bolan "USAbehFarsi" tarapyndan 21-nji ýanwarda "X-da" çap edilen habarda geçen aýyň ahyrynda başlan protestleriň "Eýran halkynyň köp ýyllyk repressiýalardan soňky hökman bolaýjak gozgalaňy" bolandygyny aýtdy.

Prezident Masud Pezeşkian bilen birlikde Eýran resmileri protestçileri yzygiderli "terrorçylar" we "bidüzgünçiler" diýip atlandyrdylar we resmi statistikasyny heniz çap etmezden, köp sanly adamyň ölüminiň sebäbini ysraýylly agentleriň işi bilen baglanyşdyrdylar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

More Videos Emerge Of Iranian Protesters Met With Deadly Force

"Yslam respublikasynyň režiminiň daşary ýurt hökümetlerini günäkärlemek we protestçileri jenaýatçy hasaplamak synanyşygy hakykaty başgaça görkezmek üçin gülkünç synanyşykdyr" diýip, "USAbehFarsi" ýazdy.

"Başgalary inkär etmek we günäkärlemek diňe Yslam respublikasynyň režiminiň syýasy propagandasyna hyzmat edýär we başga hiç kimi ynandyrmaýar" diýip, ol sözüne goşdy.

Protestler 28-nji dekabrda paýtagt Tähranyň bazarlarynda ykdysady ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagyna, şol sanda inflýasiýa we milli puluň pese gaçmagyna nägilelik bildiren dükançylar tarapyndan başlandy. Bu protestler ýurt boýunça çalt ýaýrady we ýaşaýyş derejesiniň ýaramazlaşmagyna hem-de azatlyklaryň basylyp ýatyrylmagyna garşy häkimiýetlere garşy demonstrasiýalara öwrüldi.

ABŞ-da ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy HRANA guramasy tassyklanan sanlara görä, Eýranda ölenleriň sanynyň häzirki wagtda 4519 adama ýetendigini, ölen adamlaryň heniz barlanýan sanynyň bolsa 9049 adama ýetendigini aýdýar. Protestler mahalynda azyndan 5811 adamyň agyr ýaralanandygyny, tussag edilenleriň umumy sanynyň bolsa häzirki wagtda 26314 adama ýetendigini gurama ýazdy.

Degişli maglumat ABŞ-Eýran dartgynlylygy ýokarlanýar, Tähran duşmançylyk we täze repressiýa ritorikasyny güýçlendirýär

Şol bir wagtyň özünde, "Kürdistan adam hukuklary ulgamynyň" metbugat wekili bu topara howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilen protestçilere jynsy taýdan zorluk edilýändigi barada habaryň gowşandygyny Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy - Farda Radiosyna tassyklady.

Eýranyň häkimiýetleri ýurt boýunça internete girişi ýapmagyny dowam etdirýärler we mundan beýläk-de protest çärelerini ýatyrjakdygyna söz berdiler, şeýle hem demonstrasiýalara gatnaşan protestçileri anyklamak we tussag etmek üçin gözegçilik wideolaryny hem-de sosial mediany ulanandygyny mälim etdiler.

Tähranyň ýaşaýjylary şäheri wirtual harby ýagdaý şertlerinde suratlandyrýarlar, howpsuzlyk işgärleri köçelere ýerleşdirilip, ýaşaýjylaryň köpüsi öýlerinde galýar. Köp dükanlar we restoranlar agşam ýapylýar.

Olar esgerleriň, raýat eşikli agentleriň we "Basiji" harby güýçleriniň agzalarynyň diňe bir şäheriň merkezinde däl, eýsem ýaşaýyş jaýlarynda hem bardygyny aýtdylar.

Şeýle howpsuzlyk çäreleri Eýranda kürtleriň köpçülik bolup ýaşaýan ýerleri bilen birlikde beýleki böleklerinde hem görüldi.

Krizis döwründe Waşington bilen Tähranyň arasyndaky uzak wagtlap dowam eden dartgynlylyk hasam güýçlendi.

Degişli maglumat ABŞ-nyň Eýrana garşy ulanmak üçin harby ýa-da başga mümkinçilikleri näme?

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ilki bilen Eýranyň howpsuzlyk güýçleri protestçileri öldürse, Birleşen Ştatlaryň çäre görmek üçin "herekete taýýardygyny" duýdurdy. Soňra ol Eýranyň protestçileri asyp öldürmek plany baradaky habarlar sebäpli "gaty berk çäre" görjekdigi bilen haýbat atdy.

Tramp ahyrsoňy Eýrana garşy harby hüjümleri başlamazlyk kararyny özbaşyna kabul edendigini aýtdy we Tähranyň ýüzlerçe meýilleşdirilen ölüm jezasyny ýatyrandygyny harby hereketlerden saklanmak kararynyň esasy sebäbi hökmünde görkezdi.

Emma ABŞ-nyň harby serişdeleri Ýakyn Gündogara tarap barýan ýaly görünýär, bu bolsa analitikleriň aýtmagyna görä, Eýrana garşy haýsydyr bir hüjümleriň henizem göz öňünde tutulmagynyň alamatydyr.

ABŞ-nyň harby hereketleriniň howpunyň öňünde eýranly general Abolfazl Şekarçi: "Biz olaryň dünýäsini oda bereris we olara sebitde howpsuz ýer galdyrmarys" diýipdir. Eýranly general döwlet metbugatynda sitirlendi.

Tramp ritorikanyň güýçlenmegine berk jogap gaýtardy we "bir zat bolsa, olar [ABŞ-nyň harbylary] olary ýeriň ýüzünden ýok ederler" diýip, 20-nji ýanwarda "News Nation" neşirine beren interwýusynda aýtdy.