7-nji martda ABŞ-nyň C-130 kysymly ýük uçarlary Gazanyň üstünden sebite zerur hemaýaty okladylar diýip, Birleşen Ştatlaryň harbylary mälim etdiler. Bu bir hepdäniň içinde Iordaniýa bilen birlikde hemaýaty howa arkaly ibermek boýunça geçirilen üçünji şeýle operasiýa boldy.
ABŞ-nyň resmileri munuň bilen, ýer arkaly Gazany üpjün etmek boýunça iberilýän hemaýatyň ýetersiz serişdeleriniň öwezini dolmak maksat edilýändigini aýdýarlar.
Emma howa arkaly iberilýän azyk, bu sebitdäki ençeme aýlyk konfliktden ejir çekýän adamlaryň diňe kiçi bir bölegini iýmitlendirmäge ýeterlikdir.
Iordaniýanyň harbylary hemaýaty howadan ibermek tagallalaryna Belgiýanyň, Niderlandlaryň, Müsüriň we Fransiýanyň hem uçarlarynyň gatnaşandygyny aýtdylar.
Bu aralykda, 7-nji martda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ysraýyly onuň Hamasa garşy söweşinde Gaza iberilmeli hemaýaty özüniň “bähbitleri” üçin ulanmazlyga çagyrdy. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Hamasy terorristik gurama hökmünde ykrar edýärler.
Mundan başga-da, Baýden Gazada ok atyşyklary dessine bes etmäge çagyrdy. Sebitde dowam edýän açlygyň hasam ýaramazlaşyp biljekdigi boýunça howatyrlar bar.