ABŞ Ukraina Russiýanyň has içine zarba urmak ygtyýaryny berdi - Kit Kellog

 Kit Kellog 

Birleşen Ştatlar Ukraina Russiýanyň has içinde ýerleşýän nyşanalara hem zarba urmaga ygtyýar berdi. Bu habary ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýörite wekili Kit Kellog "Fox News" telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Kit Kellog žurnalistiň berlen ygtyýar baradaky soragyna jogap berip, Trampyň, wise-prezident J.D.Wansyň we döwlet sekretary Marko Rubionyň sözlerinden çen tutulsa, "jogap - hawa" diýip jogap berdi. "Pursatdan peýdalanyp, çuňňur zarba uruň. Howpsuz sebit ýok" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de, ABŞ-nyň prezidentiniň ýörite wekili Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň Tramp bilen duşuşan wagtynda uzak aralyga ýetýän “Tomahawk” ganatly raketalaryny sorandygyny, ýöne entek bu raketalaryň berilmegi barada hiç hili kararyň kabul edilmändigini aýtdy.

"The Washington Post" 2025-nji ýylyň iýul aýynyň ortalarynda Trampyň Zelenskiden Kiýewiň näme üçin Moskwa zarba urmaýandygyny sorandygyny habar berdi. Gazetiň habaryna görä, Zelenski, eger ABŞ ýarag bilen üpjün etse, Ukrainanyň muny edip biljekdigini aýtdy. Tramp Ukrainanyň Wladimir Putine we diňe bir Moskwa däl, Sankt-Peterburga zarba urmak bilenem basyş etmelidigini aýtdy.