ABŞ Ukraina ýene $205 million ynsanperwer ýardam bölüp berýär

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken

Birleşen Ştatlar Ukrainany 205 million dollara barabar goşmaça ynsanperwer ýardam bilen üpjün eder diýip, döwlet sekretary Entoni Blinken 16-njy iýunda aýtdy.

Bu hemaýat “ukrain halkyny möhüm ýardamlar, şol sanda azyk, arassa agyz suwy, gorag hyzmatlary, bilim, eklenç, kanun ýardamlary, elýeterli penahanalar, saglygy goraýyş we başga-da bir topar” ýardamlar bilen üpjün eder diýip, Blinken beýanatda aýtdy

Bu pul aýra düşen ýa-da ýerinden göçürilen maşgalalaryň agzalaryna aragatnaşyk saklamaga hem ýardam berer diýip, ol aýtdy.

Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina çozaly bäri, alty milliondan gowrak adam Ukrainany terk etdi, bäş milliondan gowrak adam ýurduň içinde ýaşaýan ýerinden göçürildi diýip, Blinken aýtdy.