ABŞ Ukraina ýene bir “Patriot” raketa ulgamyny iberer

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 11-nji iýunda Germaniýanyň demirgazyk-gündogaryndaky harby tälim meýdanyna bardy. Ukrain esgerleri bu ýerde “Patriot” raketa ulgamy boýunça tälim alýar.

Birleşen Ştatlar Ukraina ýene bir “Patriot” raketa ulgamyny iberer diýip, 11-nji iýunda iki sany ABŞ resmisi aýtdy.

Olar bu ulgamyň demirgazyk-gündogar Harkow sebitinde Russiýanyň has ýygjamlaşan hüjümlerine garşy durýan Kiýewiň has köp howa goragy baradaky haýyşlaryna jogap hökmünde berilýändigini aýtdylar.

Resmiler prezident Jo Baýdeniň bu çäräni tassyklandygyny aýtdylar. Pentagon, aýan etmezden, bu ulgam üçin zerur bolan raketalary yzygiderli ýollan hem bolsa, bu Birleşen Ştatlaryň Ukraina beren ikinji “Patriot” ulgamy bolar.

Beýleki ýaranlar, şol sanda Germaniýa hem Ukrainany howa goranyş ulgamlary, olaryň ok-därileri bilen üpjün etdi.